Ikisi-de 15-nji çempionlygyny gazandy

57
MASON, OHIO - AUGUST 19: Jannik Sinner of Italy poses with the Rookwood Cup after defeating Frances Tiafoe of the United States during the men's final of the Cincinnati Open at the Lindner Family Tennis Center on August 19, 2024 in Mason, Ohio. Matthew Stockman/Getty Images/AFP (Photo by MATTHEW STOCKMAN / GETTY IMAGES NORTH AMERICA / Getty Images via AFP)

Tennis boýunça ABŞ-da geçirilen “Sinsinnati Açyk” ýaryşynda erkekleriň arasynda italiýaly Ýannik Sinner, zenanlardan belarusly Aryna Sabalenka ýeňiji boldy.

“Masters 1000” ýaryşlarynyň biri bolan bäsleşigiň erkekleriň arasyndaky finalynda Sinner ýer eýelerinden amerikaly Franses Tiafouny 7:6 we 6:2 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu onuň 3-nji “Masters” çempionlygy bolup, ol martda Maýamide, geçen ýylam Kanadada “ATP 1000” ýaryşlarynda ýeňiş gazanypdy. Bu onuň umumylykda 15-nji ATP Kubogydyr.

Zenanlaryň arasyndaky finalda belarusly Sabalenka amerikaly Jessika Pegulany 1 sagat 15 minutda 6:3 we 7:5 hasaplar bilen ýeňmegi başardy. Sinsinnatide ilkinji gezek ýeňiş gazanan Sabalenka “WTA 1000” ýaryşlarynda 6-njy çempionlygyny baýram etdi. Ol Uhanda 2 (2018, 2019), Madridde-de 2 (2021, 2023) hem-de Katarda çempionlyk gazanypdy. Bu onuň 15-nji WTA çempionlygydyr.