«Volvo» dünýäde iň howpsuz awtoulag markasydyr. Şwed kompaniýasy onlarça ýyl bäri sürüjileri, ýolagçylary we pyýadalary ýol heläkçiliginden goraýan innowasion howpsuzlyk aýratynlyklaryny ösdürmekde hem-de durmuşa geçirmekde öňdeligi eýeleýär. Awtoulaglaryň howpsuzlyk ölçeglerine baha berýän guramalar (IIHS, NHTSA, Euro NCAP) tarapyndan geçirilen synaglara görä, «Volvo» dürli ýol heläkçiligine garşy çydamly diýlip ykrar edildi. «Volvo» göni, gapdal, yzky urgulara garşy çydamly bolup, islendik ýagdaýda ýol saklaýjylygyny ýitirmeýär. Guramanyň wekilleri bu ulagyň howa ýassygynyň, howpsuzlyk kemeriniň we elektron dolandyryş ulgamynyň has durnuklydygyny belleýärler. «Volvo» awtoulagy birnäçe ýyllap dürli synaglardan geçirilip, awtoulaglaryň howpsuzlyk ölçeglerine baha berýän guramalaryň ýokary bahasyna we baýraklaryna mynasyp boldy. Seljermelere görä, häzire çenli «Volvo» awtoulagynda heläkçilige uçrap, hiç kim aradan çykmandyr.
«Volvo»-nyň girizen käbir howpsuzlyk oýlap tapyşlary:
Üç nokatly howpsuzlyk kemeri. 1959-njy ýylda «Volvo»-nyň inženeri Nils Bohlin tarapyndan işlenip düzülen üç nokatly kemer awtoulagyň taryhynda iň möhüm howpsuzlyk oýlap tapyşy hasaplanýar. Aňsatlyk bilen dakyp-aýryp bolýan bu kemeri soňra beýleki awtoulag öndürijileri hem peýdalanyp başlaýar. «Volvo»-nyň teklip eden howpsuzlyk kemeri häzirki wagtda ähli ulaglarda ulanylýar.
Çaga oturgyjy. «Volvo» 1964-nji ýylda ilkinji gezek çaga oturgyjyny synagdan geçirýär. Kompaniýa käbir awtoulag çaknyşygynda çaganyň kellesine we boýnuna ýetýän zeperi azaltmak maksady bilen ulaglaryna yzky çaga oturgyjyny ornaşdyryp başlaýar.
Ýaramaz täsirleri goramak ulgamy. «Volvo» 1994-nji ýylda ygtybarly oturgyçlary işläp düzüp, ýolagçylary gapdal urgulardan goramak maksady bilen oturgyçlarda howa ýassygyny ornaşdyrýar.
Boýny goramak ulgamy. Şwed kompaniýasy 1998-nji ýylda kelläni yzky çaknyşykdan goramak maksady bilen ulagyň oturgyjyna ýokaryk-aşak çekip bolýan kelle saklaýjy bölegi goşýar. Bu awtoulagyň taryhynda uly şowlulyk bolýar.
Çişýän perde. «Volvo» awtoulag kompaniýasy 1998-nji ýylda üçekde ýerleşdirilen we gapdal penjireleri ýapýan howa ýassygyny hem işläp düzýär. Bu ulgam heläkçilige uçranlaryň kellesini we göwresiniň ýokarky bölegini urgulardan goramaga hyzmat edýär.
Awtotogtadyjy ulgamy. Bu kompaniýa 2010-njy ýylda awtoulagyň öňünden duýdansyz çykan pyýada zeper ýetirmezlik, sürüjiniň çaknyşmagynyň öňüni almak we tizligi gowşatmak maksady bilen radar hem-de kamera ornaşdyrylan awtotogtadyjy ulgamy işläp düzýär. Sürüji pyýadany ýa-da öňünden çykan zady görmedik halatynda, ulagyň özi awtomat ýagdaýda tizligini peseldip, sürüjä duýduryş berýär.