1755-nji ýylyň 15-nji aprelinde “Iňlis diliniň sözlügi” (A Dictionary of the English Language) çap edilýär. Iňlis edebiýat tankytçysy, leksikografy we şahyry Semýuel Jonsonyň taýýarlan kitaby “Jonsonyň sözlügi” hem diýlip atlandyrylýar. Sözlük iňlis diliniň taryhynda iň täsirli sözlükleriň biri hasaplanýar. Ondan öň 1604-nji ýylda Robert Kodri tarapyndan çap edilen iňlis diliniň ilkinji sözlüginde “Elipbiý tertibi” (Table Alphabeticall) atly 3 müň töweregi söze düşündiriş berlipdir. Jonsonyň sözlüginde bolsa, 42 müň 773 söz bolupdyr. Jonson bu sözlügi ömrüniň dowamynda birnäçe gezek gaýtadan redaktirläpdir.