Angliýanyň çempionatynda şowsuz günleri başdan geçirýän “Mançester Ýunaýted” topary özleriniň taryhy stadiony “Old Trafford” bilen öňümizdäki 5 ýylyň dowam hoşlaşar. Toparyň ýolbaşçylary ýakyn günlerde täze stadionyň gurluşygynda badalga beriljekdigini habar berdiler. Täze stadionyň 100 müň orunlyk bolmagyna garaşylýar. Gurluşygy 5 ýyllap dowam etjek stadion üçin 2 milliard funt sterling möçberinde çykdajy ediler.

“Mançester Ýunaýted” 115 ýyldan bäri öz ýerli duşuşyklaryny “Old Trafford”-da geçirip gelýär. Täze stadion “Old Trafford”-yň golaýragynda ýerleriň birinde gurlar.