“Intel” 2030-njy ýyla çenli trillion geçirijili çip döretmegi maksat edinýär. “Fairchild Semiconductor” we “Intel” tarapyndan Muruň kanuny esasynda düzülen çipleriň tranzistorlarynyň sanyny her ýyl iki esse köpeltmek meýilleşdirilipdi. Emma wagtyň geçmegi bilen, bu işiň depgini gowşady we tranzistorlaryň sanynyň iki esse ýokarlanmagy üç ýyla golaý wagta çekipdi. “Inteliň” baş direktory Pet Gelsinger kompaniýanyň 2031-nji ýyla çenli Muruň kanunynyň tizliginden ýokary depginde hereket edip biljekdigini tassyklady. Ol tranzistorlaryň sanyny köpeltmek üçin “Muruň Super kanuny” ýa-da “Muruň kanuny 2.0” düşünjesini öňe sürmegi teklip etdi. Taýwanyň TSMC we Koreýanyň “Samsung Foundry” kompaniýalary iş tehnologiýasynda gurlan täze “Intel” çipleriniň çykarylmagyna uly goşant goşmagy maksat edinýärler.
Biz takmynan 3-4 onýyllyk bäri Muruň kanunynyň ýok bolup gitmegini yglan edýäris. Indi biz Muruň kanunynyň “altyn asyrynda” ýaşamaýarys. Häzir ýagdaýlar has çylşyrymly, şonuň üçin hem, her üç ýyldan bir gezek iki esse öňe gidýäris. Ine, şu sebäpden hem, biziň işimize haýallyk aralaşdy- diýip, Gelsinger belledi.
– Muruň kanunynyň ösmegi bilen işiň adaty derejesi hem haýallaýar – diýip, “Intel Technology Development” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti we baş menejeri Enn Kelleher belleýär.
Muruň kanuny fizika degişli formula bolman, bir shemadaky tranzistorlaryň sanynyň her iki ýyldan bir gezek iki artjakdygyny öňe sürýär. Bu tehnologiýanyň taryhynda önümçilikdäki tejribelerden gazanylan ösüşler göz öňünde tutulyp gelnen netijedir.
Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy.
PDF








