Italiýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Inter” çempionlyk ugrundaky garşydaşlarynyň biri bolan “Atalantany” myhmançylykda Augusto hem-de Lautara Martinesiň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ahyrlarynda “Atalantadan” Emerson (81), “Interden” Bastoni (90+2) 2-nji sary kartdan soň, gyzyl kart aldy. “Napoliniň” hem myhmançylykda “Wenesiýa” bilen golsuz deňliginden soň “Inter” topary neapollylardan 3, bergamolylardan 6 utuk öňe saýlandy.

Geçen tapgyrda öz meýdançasynda “Atalantadan” jogapsyz 4 gol geçirden “Ýuwentus” bu gezek myhmançylykda “Fiorentinadan” 3-0 hasabynda asgyn geldi. Soňky 2 oýunda 7 gol geçirden “Ýuwentusyň” derwezesinden gollary Gosens, Mandragora hem-de Gudmunddson girizdi.

Tapgyryň iň geň galdyryjy netijesi “Bolonýanyň” öz meýdançasynda “Lasiony” 5-0 hasabynda derbi-dagyn etmegi boldy. Gollary Odgor, Orsolini, Ndoý, Kastro hem-de Fabbian dagy geçirdi.

“Roma” öz meýdançasynda “Kaliarini” Dowbygyň ýeke-täk goly bilen ýeňip, bassyr 7-nji ýeňşini gazandy. Şu ýyla geçip, ýeňlip görmedik “Romanyň” çempionatda 13 oýunda bäri ýeňlişsiz seriýasy dowam edýär (10 ýeňiş, 3 deňlik).

Öz meýdançasynda “Komo” bilen duşuşan “Milan” garşydaşynyň öňe geçendigine garamazdan, Pulişiç we Reýndersiň gollary esasynda 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

29-njy tapgyryň netijeler:şi:

Jenoa – Leççe: 2-1 (Miretti 16, 45+2 – Krstowiç 68 p),

Monza – Parma: 1-1 (Izzo 60 – Bonni 84),

Udineze – Werona: 0-1 (Duda 72),

Milan – Komo: 2-1 (Pulişiç 53, Reýnders 75 – Da Kunýa 33),

Torino – Empoli: 1-0 (Wlaşiç 70),

Wenesiýa – Napoli: 0-0,

Bolonýa – Lasio: 5-0 (Odgor 16, Orsolini 48, Ndoý 49, Kastro 74, Fabbian 84),

Roma – Kaliari: 1-0 (Dowbyk 62),

Fiorentina – Ýuwentus: 3-0 (Gosens 15, Mandragora 18, Gudmundsson 53),

Atalanta – Inter: 0-2 (Augusto 54, Martines 87)