Dünýä Kubogynda 2-nji ýarym finalçy, ozaldanam garaşylyşy ýaly, Ispaniýanyň ýygyndysy boldy. Los Anjelesdäki SoFi Stadium-da oýnalan ýarym finalda Ispaniýanyň ýygyndysy Belgiýanyň milli toparyndan 2-1 hasabynda üstün çykdy. Çekeleşikli geçen oýunda ilki bilen ispanlar öňe saýlandy. Duşuşygyň 30-njy minutynda Fabian Ruiz geçirdi. Belgiýanyň ýygyndysy bu gola 1-nji ýarym tamamlanmanka jogap bermegi başardy. Oýnuň 41-nji minutynda Şarl de Ketelare kelle urgusy bilen hasaby deňledi. Bu ispanlaryň şu çempionatda geçirden ilkinji goly bolup, Unaý Simon 650 minutlap derwezesini goldan gorapdy.
2-nji ýarymy ispanlaryň azda-kände artykmaçlygynda geçse-de, belgiýalylar wagtal-wagtal howply hüjümler gurady. Duşuşygyň 86-njy minutynda ispaniýaly tälimçi Luis de la Fuente ýarymgoragçy Mikel Merinony oýna girizdi. Mundan öňki tapgyrda bolşy ýaly, Merino galanja minutlar az hem bolsa, ynamy ödemegi başardy. Ol oýna gireninden bary-ýogy 2 minut soň Kubarsiniň batly urup, derwezeçiden gaýdan topy tora girizdi. Galan minutlarda-da Belgiýanyň ýygyndysyna hasaby deňlemek başartmady. Şunlukda, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan Ispaniýanyň ýygyndysy 16 ýyldan soň, taryhynda 3-nji gezek ýarym finala adyny ýazdyrdy.

Ispaniýanyň ýygyndysy ýarym finalda Fransiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Bu duşuşyk 14-nji iýuldan 15-nji iýula geçilýän gije oýnalar.
PDF









