Italiýa hem Ysraýylyň derwezesinden 4 gol geçirdi

49
Soccer Football - UEFA Nations League - Group A2 - Italy v Israel - Bluenergy Stadium, Udine, Italy - October 14, 2024 Italy's Giovanni Di Lorenzo celebrates scoring their second goal with teammates REUTERS/Jennifer Lorenzini

UEFA Milletler Ligasynda “A” Liganyň 2-nji toparçasynda Italiýanyň ýygyndysy çärýek finala çykmagyň bosagasyna geldi. Iki topara-da noýabr aýyndaky oýunlarda 1 utuk ýeterlik bolar.

Italiýanyň ýygyndysy Udine şäherinde Ysraýyly 4-1 hasabynda utdy. Italiýanyň ýygyndysyn uly hasaply ýeňişn getiren gollary Retegi (41 p), Di Lorenzo (54,79) hem-de Frattesi (72) geçirdi. Ysraýylyň ýeke-täk goluny 66-njy minutda Mohamed Abu Fani öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, Fransiýadan soň Italiýa hem Ysraýylyň derwezesinden 4 gol geçirdi. Toparçada Italiýanyň 10 utugy bar.