Iýun aýynda geçiriljek esasy çäreler

16

Geljek iýun aýynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreler geçiriler.
Bu aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň, aýdym-sazly medeni çäreleriň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň, bäsleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, birnäçe halkara maslahatlar we olimpiadalar, sergiler geçiriler.
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, «Talyp joşguny — 2026» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyrynyň, Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançasynda Arkadag şäheriniň 3 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guralar. Bu barada 22-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.