ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine saýlanan Jozef Baýdeniň Jennifer Psakini öz administrasiýasynda Ak tamyň metbugat sekretary wezipesine bellemek kararyna gelendigi habar berildi. Mundan ozal Jennifer Psaki döwlet departamentiniň metbugat gullugynyň başlygydy, häzirki wagtda ol demokratlaryň geçiş toparynyň geňeşçisidir.

Şeýle hem Jozef Baýden, Keýt Bedingfildi Ak tamyň aragatnaşyk boýunça direktory edip bellemegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ABŞ-nyň täze administrasiýasynda diňe zenanlaryň jogapkär boljakdygy habar berildi.