Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi diýlip yglan edildi.

Bu habar BMG-niň Baş Assambleýasynyň binasynda geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew tarapyndan mälim edildi.

Döwletjan Ýagşymyradow MMA ugrunda 26 ýeňiş gazanan belli türgenleriň biridir.

BMG-niň Dostluk oýunlary halkara derejede dostlugy, hyzmatdaşlygy we sport arkaly parahatçylygy ösdürmegi maksat edinýän çäreleriň biridir. Bu oýunlar her ýyl geçirilýär we dünýäniň dürli ýurtlarynyň türgenlerini, diplomatlaryny hem-de jemgyýetçilik wekillerini bir ýere jemleýär.