Geografik kartalar adamzat taryhynda iň gadymy we möhüm oýlap tapyşlarynyň biridir. Dünýäniň kiçeldilen çyzgysy Ýer ýüzüniň tebigy, ykdysady we syýasy ýagdaýlaryny düşnükli hem-de göz öňüne getirmäge aňsat görnüşde kagyzda ýa-da sanly serişdelerde beýan edýär. Geliň, şu günki adamzat durmuşynyň, aýrylmaz bölegine öwrülen kartalaryň taryhyna, döreýşine we olaryň görnüşleri bilen tanşalyň!
Geografik kartalary öwrenmek, döretmek we ulanmak baradaky ylma «kartografiýa» diýilýär. Kartalaryň taryhy ýazuwyň döreýiş taryhyndan has öňki döwürden gözbaş alýar. Adamlar elmydama özleriniň nirede ýaşaýandyklaryny, ýeriň nähili şekildedigi bilen gyzyklanyp gelipdirler. Gadymy döwürde adamlar ýeri dürlüçe göz öňüne getiripdirler. Mysal üçin, käbir adam Ýeri äpet pyşdylyň üstünde göz öňüne getiren bolsa, käbiri Ýeri silindr görnüşli diýip çaklapdyr. Adamlar ilkinji kartalarda Ýeri däl-de, ýyldyzlary daşyň ýüzünde oýup şekillendiripdirler. Şeýdip olar ýyldyzlaryň kömegi bilen ýol kesgitläpdirler. Muňa Ispaniýadaky El-Kastilýo gowagyndaky diwaryň ýüzüne çekilen ýyldyz şekilleri şaýatlyk edýär. Gowakdaky şekiller demirgazyk ýyldyzlar toplumyna degişli, teleskopsyz görünýän ýyldyzlar toparyna çalym edýär. Maglumatlara görä, Ýeriň ilkinji kartasyny grek filosofy Anaksimandr (Miletli) b.e.öňki VII asyrda çyzypdyr. Onuň çyzan kartasynda Ýer silindr şekilli bolup, onuň daş-töweregi suw bilen gurşalypdyr. Gynansak-da, onuň döreden kartasy biziň günlerimize gelip ýetmändir. B.e.öňki IV asyrda Aristotel Gün tutulma wagtynda Aýyň kölegesine syn edip, Ýeriň togalak bolup biljekdigi baradaky pikiri öňe sürüpdir.
Orta asyrlarda Gündogar alymlary hem kartografiýa uly goşant goşupdyrlar. Abu Reýhan al-Biruny Ýeriň kartasyny çyzyp, globusda ýerleşdiripdir. Bu globusda Ýewropa we Aziýa sebitleri şekillendirilipdir. Onuň döreden globusy XVI asyryň ahyrynda, beýik geografik açyşlar döwrüne çenli üýtgedilmändir. Muhammet Al-Idrisi 1154-nji ýylda şol döwrüň iň takyk kartalarynyň birini döredipdirler. Onuň kartasy syýahatçylaryň we söwdagärleriň maglumatlaryna esaslanypdyr. XV-XII asyryň ortalarynda «Beýik geografik açyşlar» döwri başlanyp, bu döwürde kartografiýada uly öwrülişikler bolup geçýär. Ýewropanyň, Aziýanyň kartasy has takyk şekillendirilip başlanýar. Hristofor Kolumb «Täze dünýäni» – Amerikany açýar. Amerigo Wespuççi Kolumbyň açan ýerleriniň täze bir materikdigini subut edýär. Bular dünýä kartasyna, täze bir dünýäniň goşulmagyna sebäp bolýar. Wasko de Gamma Afrika materiginiň günortasynda aýlanyp, Hindistana barýan deňiz ýoluny ilkinji bolup açýar. Ferdinand Magellan dünýäniň daşyndan ilkinji gezek aýlanyp çykýar. Ol «Ýuwaş» ummanyna at berýär. Bu döwürde adamzadyň geografik bilimleri has giňäp, Ýeriň togalak şekildedigi baradaky çaklamalar hakykat ýüzünde subut edilýär.

Häzirki döwürde adamzadyň ýaşaýşynda kartalar örän möhüm orun tutýar. Häzirki döwürde kartalaryň birnäçe görnüşleri bar. Olara – izobarik, izotermik, fiziki we syýasy kartalar degişlidir. Bulardan başga-da topografik kartalar we başga-da birnäçe karta görnüşleri bar. Kartalar häzirki döwürde diňe bir geografiýa dersinde okuwçylara dünýäniň döwletleriň, daglaryň, deňizleriň ýerleşişini öwrenmek üçin çäklenmeýär. Kartalar adamzadyň durmuşynyň möhüm bir bölegi hasaplanýar. Soňky ýyllarda tehnologiýanyň ösmegi bilen kartalar GIS we GPS ulgamlary hem-de onlaýn görnüşde giňden ulanylýar. Indi ýakyn aralykdaky bir ýere gitmek üçin hem telefonyňdaky «Google karta» seredilýär.
Hezret Sähetdurdyyew,
Türkmen döwlet medeniýet instituty.
PDF








