Häzirki zaman dünýäsinde maglumat iň gymmatly baýlyklaryň birine öwrüldi. Şol baýlygy toplap, gorap saklaýan we adamlara ýetirýän iň möhüm medeni ojaklaryň biri hem kitaphanalardyr. Kitaphana diňe kitaplaryň saklanýan ýeri bolman, eýsem, ylym-bilimiň, medeniýetiň we ruhy ösüşiň merkezidir. Şonuň üçin kitaphana işi we kitaphanaçylyk jemgyýetiň ösüşinde aýratyn orun eýeleýär. Kitaphana işi kitaplary diňe tertipleşdirmek ýa-da okyjylara bermek bilen çäklenmeýär. Bu ugurda işleýän hünärmenler täze neşirleri saýlap alýarlar, kitaplary ylmy taýdan hasaba alýarlar, elektron maglumat bazalaryny döredýärler, okyjylaryň isleglerini öwrenýärler hem-de dürli medeni çäreleri guraýarlar. Şeýle hem olar ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak üçin duşuşyklary, sergileri, döredijilik agşamlaryny we bäsleşikleri geçirýärler.
Kitaphanaçylyk sabyrlylygy, giň dünýägaraýşy, maglumat bilen işlemäge ussatlygy we adamlara hormat bilen çemeleşmegi talap edýän hünärdir. Çünki käwagt bir kitabyň ýa-da bir maglumat çeşmesiniň dogry görkezilmegi adamyň geljekdäki ylmy işine, hünär saýlawyna ýa-da şahsy ösüşine täsir edip biler. Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen kitaphanaçylyk hem täze derejä çykdy. Häzirki wagtda köp kitaphanalarda elektron kataloglar, sanly arhiwler, audiokitaplar we elektron kitaplar ulanylýar. Okyjylar islendik wagt kompýuter ýa-da telefon arkaly zerur maglumatlary gözläp bilýärler. Şeýle-de bolsa, tehnologiýa kitabyň gymmatyny peseltmedi. Gaýtam kitaphanaçylar maglumat ummanynda dogry çeşmäni tapmaga kömek edýän ýolbeletlere öwrüldiler. Olar diňe kitap däl, eýsem, ygtybarly maglumat bilen hem üpjün edýärler.
Kitaphana ähli ýaşdaky adamlaryň bilim almagyna we özüni ösdürmegine mümkinçilik döredýär. Okuwçy üçin ol bilim çeşmesi bolsa, talyp üçin ylmy gözlegleriň daýanjydyr. Mugallymlar, alymlar we döredijilik işgärleri üçin bolsa täze pikirleriň we ylhamyň çeşmesidir. Kitaphanalar milli medeni mirasy gorap saklamaga hem uly goşant goşýar. Gadymy golýazmalar, taryhy neşirler, seýrek duş gelýän kitaplar we beýleki gymmatly çeşmeler geljek nesiller üçin aýawly saklanýar. Bu bolsa halkyň taryhyny, dilini we medeniýetini dowam etdirmäge mümkinçilik döredýär.
Kitaphana geçmiş bilen geljegi birleşdirýän, bilimi we medeniýeti nesilden-nesle geçirýän mukaddes mekandyr. Kitaphanaçylyk bolsa halkyň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýän asylly kärdir. Her bir okalan kitap täze pikirleriň gapysyny açýar. Şol gapynyň ilkinji açary bolsa kitaphanadyr. Kitaply jemgyýet bilimli, medeniýetli we geljege ynam bilen barýan jemgyýetdir.
Gunça SAPAROWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň
Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.
PDF








