Ujy tegelek çöpjagazy şampunly (islendik ýuwujy serişde) suwa batyryp üflänimizde howada birnäçe köpürjik emele gelýär. Ýaz paslynyň gelmegi bilen iň köp oýnalýan bu güýmenje gyzykly oýunlaryň biridir. Eýsem, köpürjik nädip emele gelýärkä?!
Üns beren bolsaňyz, kran ýapylandan soňra akman galan iň soňky damja ýa-da şampunly suwa halkaly çöpjagazy batyryp üflänimizde döreýän şarjagazlar togalak şekilli bolýarlar. Tebigatdaky beýleki hadysalar ýaly, muny hem fizikanyň kanunlary bilen düşündirmek mümkin. Köpürjik ýerüsti dartyş güýji, himiýa, ýagtylyk we geometriýa ýaly ylym düşünjelerini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Hünärmenler köpürjikleriň we howada emele gelýän şarjagazlaryň şekiliniň dartgynlyk sebäpli togalak bolýandygyny düşündirýärler. Ujy halkaly çöpjagaz şampunly suwa batyrylyp çykarylandan soňra, onuň halkasynyň içinde töwerek görnüşli ýukajyk gatlak emele gelýär. Bu gatlak üfläniňizde, üstki dartgynlyk sebäpli giňeýär we içine giren howa sebäpli ýapylyp, tegelek şekile öwrülýär. Emele gelen ýeňil şarjagaz howada eýläk-beýläk uçanyndan soňra bir zada degeninde ýa-da öz-özünden ýarylýar. Bu şarjagazyň içinde basyşly howa bolýar. Şarjagazyň daşky gatlagy näçe berk bolsa, ol şonça-da kiçi bolýar.
Suw damjalary şara meňzeýär. Bir şara suw guýuldygyça, çişip ulalýar. Ol ýarylýança giňemegini dowam etdirýär. Damja hem belli bir ululyga ýetenden soňra ýarylyp, aşak gaçýar. Suw damjalarynyň daşynda şar ýok hem bolsa, bize görünmeýän torba bar. Muňa üst dartgynlygy diýilýär. Suwuň damjasynyň içindäki molekulalar biri-birini güýç bilen çekýärler. Emma suwuň ýüzündäki molekulalar howa molekulalaryny çekmeýär. Diňe suwuň içinde dartyş bolýar. Bu bolsa, suw damjasynyň töwereginde bir gatlak bar ýaly täsiri emele getirýär. Şol sebäpli damjalar belli bir agyrlyga ýetýänçä sallanyp durýar. Diňe suwda däl, beýleki suwuklyklarda hem şeýle hadysa bolup geçýär. Üstki dartgynlyk olaryň dykyzlygyna we agramyna görä dürli-dürli bolýar.