Her halkyň özüne mahsus medeniýeti, däp-dessurlary we edim-gylymlary bar. Bu aýratynlyklar şol halklara mahsus milli gymmatlyklary emele getirýär. Şeýle milli gymmatlyklaryň biri hem egin-eşikler bolup, dünýä halklarynyň köpüsiniň öz milli lybaslary bar. Mysal üçin, türkmen zenanlary ýüpekden dokalan keteni köýnegi, özbek zenanlary şaýy köýnekleri, hindi zenanlary bolsa, sarileri bilen tanalýar. Milli lybaslary bilen tanalýan halklaryň arasynda koreýler hem bar. Koreý zenanlary müňlerçe ýyllyk medeni mirasyny dowam etdirip, häzir hem hanbok geýýärler. Hanbok häzirki zaman bezegleri bilen utgaşdyrylan koreýleriň milli lybasy bolup, toý-baýramlaryň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.
Reňkleriň we nagyşlaryň dilinden söz açýan, özüne mahsus tikiliş aýratynlygy bolan hanbok miladydan ozalky 57-nji ýyldan gözbaş alýar. Şol döwürlerde Koreýa ýarym adasynda 2 bölekden ybarat zenan köýnekleri tikilip başlanýar. Milli nusgada biçilýän bu köýnegiň ýokarky bölegi «jeogori» diýlip atlandyrylýar we sagdan çepe ýapylyp, goreum diýilýän lenta bilen daňylýar. Aşaky bölegi «çima» (uzyn etek) bolup, rahat hereket etmek üçin giň we büzülen görnüşde tikilýär. Hanbok köýneginde ulanylýan reňkler we nagyşlar şol zenanyň jemgyýetdäki ornuny, ýaşyny we maşgala ýagdaýyny görkezýär.
Koreýlerde hanbogy diňe zenanlar däl, eýsem, erkekler hem geýýär. Erkekleriň geýýän hanbogy hem 2 bölekden ybarat bolup, ýokarky bölegi edil zenanlaryňky ýaly «jeogori» diýlip atlandyrylýar we sagdan çepe ýapylýar. Aşaky bölek «baji» (jalbar) bolup, giňräk we köwşüň üstüni ýapmaz ýaly bogdakly görnüşde tikilýär. Käte koreý erkekleri uzyn ýektaý görnüşli, biline lenta daňylýan hanboklary hem geýýärler.
Hanbok diňe bir milli lybas bolman, eýsem, koreý medeniýetiniň we milli gymmatlyklarynyň hem beýanydyr. Çoson dinastiýasy döwründe (1392–1897ý.) hanbogyň bezegi, tikilişi we nagyşlary konfusiý gymmatlyklary bilen baýlaşdyrylyp, täze biçüwli nusga emele getirilipdir. Häzirki wagtda koreý zenanlary baýramçylyklara, toýlara we ýörite dabaralara hanbok geýip barýarlar. Soňky ýyllarda egin-eşik dizaýnerleri hanbogy her gün geýmäge oňaýly bolar ýaly görnüşde ýönekeýleşdirdiler. Koreýa Respublikasynyň hökümeti koreýleriň milli lybasyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek üçin 21-nji oktýabry Hanbok güni diýip yglan etdi. Hanbok ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklaryň biridir.