7-10-njy ýanwar aralygynda ýylyň iň uly tehnologiýa sergisi CES 2025 ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçirildi. CES 2025-ä 160-dan gowrak ýurtdan gelen myhmanlar gatnaşdy. Geçen ýyl bu sergi 138 müňden gowrak myhman we 4300-den gowrak wekil gatnaşypdy. Sergä gatnaşýanlaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy innowasiýa we tehnologik ösüşlere bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär.
CES 2025 sergisiniň esasy ugurlarynyň arasynda emeli aň, robot tehnologiýasy, ýanyňda göterilýän enjamlar, sanly saglygy goraýyş, transport tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk, gözellik we moda tehnologiýalary aýratyn öňe saýlandy. Sergide öňdebaryjy kompaniýalar millionlarça adamyň gündelik durmuşyny üýtgedip biljek iň soňky ösüşlerini hödürlediler.
Mysal üçin, NVIDIA kompaniýasy “GeForce RTX 5000” seriýaly soňky nesil wideokartlary, şeýle hem emeli aň we robot tehnologiýalarynyň ösüşini öz içine alýan iň soňky önümlerini we tehnologiýalaryny hödürledi. Şeýle hem, “Intel” kompaniýasy özüniň täze tehnologiýalary bilen tanyşdyrdy. Kompaniýa “Arrow Lake” maşgalasyndan täze desktop prosessorlaryny we “Core Ultra” çiplerine esaslanýan enjamlaryny hödürledi.
Amerikanyň tehnologiýa birleşiginiň (CTA) başlygy Geri Şapironyň aýtmagyna görä, sergide innowasiýalaryň geljegi barada 100-den gowrak maslahat guraldy. CES 2025 ýakyn ýyllarda tehnologiýa meýilnamasyny kesgitlemek üçin platforma boljakdygyny wada berýär.
Häzirki wagtda CES sergisi dünýäniň öňdebaryjy brendleriniň gazananlarynyň hödürlenýän, täze hyzmatdaşlygyň ýola goýulýan, täze ideýalaryň alşylýan, bütin dünýäde tehnologiýalary ösdürýän we durmuşyň hilini ýokarlandyrýan ýer boldy.