Hytaýyň Daşary işler ministrligi Braziliýa, Argentina, Çili, Peru we Urugwaý döwletleriniň raýatlarynyň Hytaýa 30 güne çenli wizasyz syýahat etmeklerine mümkinçilik dörediljekdigini habar berdi. Daşary işler ministrliginiň spikeri Lin Sian bu ýurtlaryň raýatlarynyň telekeçilik, syýahatçylyk, maşgala myhmançylyk we üstaşyr ýaly maksatlar bilen, 30 günden geçmezlik şerti bilen wizasyz syýahat edip biljekdiklerini mälim etdi. Täze düzgüniň şu ýylyň 1-nji iýunyndan güýje girjekdigi, 2026-njy ýylyň 31-nji maýyna çenli dowam etjekdigi habar berildi.
Golaýda Pekinde Hytaý-Latyn Amerikasy we Karib ýurtlary jemgyýetiniň (CELAC) forumy geçirildi. Halkara maslahata Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro, Çiliniň Prezidenti Gabriel Boriç we Braziliýanyň Prezidenti Lula da Silwa hem gatnaşypdy.