“Liwerpulyň” çempionlygy indiki tapgyra galdy, ýene bir topar aşaky liga düşdi

38

Angliýanyň çempionatynda “Arsenalyň” myhmançylykda “Ipswiçi” ýeňmeginden soň “Liwerpulyň” çempionlygyny indiki tapgyra galdy. “Arsenal” myhmançylykda “Ipswiç” toparyny Trossar (2), Martinelli we Nwaneriniň gollary bilen 4-0 hasabynda utdy. Bu duşuşykdan soň çempionlygy indiki tapgyra galan “Liwerpul” myhmançylykda “Lester Sitini” Aleksander-Arnoldyň 76-njy minutdaky ýeke-täk goly 1-0 hasabynda ýeňdi. Netijede, 5 tapgyr galanda, 13 utuk aratapawutlyk saklanylyp, “Liwerpul” 34-nji tapgyrda ýeňiş gazanan ýagdaýynda çempionlygyny yglan eder. Şeýle-de, öz meýdançasynda bassyr 9-njy duşuşygynda gol geçirip bilmezden utulan “Lester Siti” topary “Southemptondan” soň aşaky liga düşen 2-nji klub boldy.

“Premier Ligada” Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 3-4-5-nji toparlaryň biri bolmak üçin 6 klubuň arasynda ýiti göreş dowam edýär. Bu ugurda göreşýän iki toparyň arasyndaky oýunda “Aston Willa” öz meýdançasynda “Nýukasly” 4-1 hasabynda ýeňdi. “Mançester Siti” myhmançylykda “Ewertony” soňky minutlarda O’Raýli hem-de Kowaçiçiň gollary esasynda 2-0 hasabynda utdy. London derbisinde “Çelsi” myhmançylykda “Fulhamdan” garşydaşynyň Iwobiniň 20-nji minutdaky goly esasynda öňe geçendigine garamazdan, soňky 10 minutda 2 gol geçirip, ýeňşini baýram etdi. “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Wulwerhemptondan” 1-0 asgyn geldi. Şeýlelikde, “Mançester Ýunaýted” APL-niň taryhynda ilkinji gezek 1 möwsümde 15 duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy.

Brentford – Braýton: 4-2 (Mbemo 9, 48, Wissa 58, Nergor 90+5 – Welbek 45+4, Mitoma 81),

Kristal Palas – Bornmut: 0-0,

Ewerton – Mançester Siti: 0-2 (O’Raýli 85, Kowaçiç 90+2),

West Ham – Southempton: 1-1 (Bowen 47 – Ugoçukwu 90+3),

Aston Willa – Nýukasl: 4-1 (Wotkins 1, Maatsen 64, Bern 73 ö.d., Onana 75 – Şer 18),

Fulham – Çelsi: 1-2 (Iwobi 20 – Jorj 83, Pedro Neto 90+3),

Ipswiç – Arsenal: 0-4 (Trossar 14, 69, Martinelli 28, Nwaneri 88),

Mançester Ýunaýted – Wulwerhempton: 0-1 (Sarabiýa 77),

Lester – Liwerpul: 0-1 (Aleksander-Arnold 76),

Tottenham – Nottingam Forest (şu gije)