Germaniýanyň çempionatynda “Bawariýa” 1 ýyllyk arakesmeden soň nobatdaky çempionlygyna golaýlap barýar. Münhenliler myhmançylykda “Haýdenhaým” toparyndan 4-0 hasabynda üstün çykdy. “Bawariýa” ýeňiş getiren gollary Keýn, Laýmer, Koman hem-de Kimmih geçirdi. Toparyň 1-nji goluny geçiren Harri Keýniň “Bundesligadaky” gollarynyň sany 60-a ýetdi. Ol bu görkezijä iň çalt ýeten futbolçy boldy (60 oýunda). Myhmançylykda “Sankt-Pauli” bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnan häzirki çempion “Baýer” sanawyň lideri “Bawariýadan” 2 utuk yza galdy. Iki “Borussiýa” toparynyň arasyndaky oýunda dortmundlylar öz meýdançasynda münhengladbahlylardan 3-2 hasabynda üstün çykdy. “Union Berlin” bilen “Ştutgart” toparlarynyň arasyndaky oýunda 8 gol hasaba alnyp, olaryň ählisi-de 1-nji ýarymda derwezä girizildi.
Leipsig – Holştaýn: 1-1 (Şeşko 74 p – Matino 44),
Haýdenhaým – Bawariýa: 0-4 (Keýn 13, Laýmer 19, Koman 36, Kimmih 56),
Werder – Bohum: 0-1 (Waýzer 80),
Fraýburg – Hoffenhaým: 3-2 (Höler 28, 57, Doan 36 – Bülter 45+2, Kramariç 45+5),
Maýns – Wolfsburg: 2-2 (Li Že Son 37, Kor 40 – Arnold 3, Wawro 89),
Union Berlin – Ştutgart: 4-4 (Iliç 5, 45+6, Leýte 19, Kwerfeld 38 – Undaw 23, Miýo 29, Şabo 43, Fürih 45+1),
Augsburg – Aýntraht: 0-0,
Borussiýa D – Borussiýa M: 3-2 (Girassi 41, Nmeça 44, Swensson 45+5 – Itakura 24, Şteger 56 p),
Sankt-Pauli – Baýer: 1-1 (Buhalfa 78 – Şik 32)