Angliýanyň paýtagty London çaga dogluşynyň pese gaçmagy we daşary ýurtlardan gelýän migrantlaryň azalmagy sebäpli ýurduň iň çalt garraýan şäheri boldy. Bu barada “Resolution Foundation” atly maslahat beriş guramasy belleýär. Maglumatyna görä, şäheriň ýaşaýjylarynyň ortaça ýaşy 2011-nji ýylda 33,8 bolan bolsa, soňky on ýylda 2 ýyl artyp, 35,8-e çykdy. Degişli döwürde ýurduň beýleki uly şäherlerinde ortaça ýaş ýarym ýyl azalyp, 34,5-e düşdi. Ýurduň iň garry sebiti bolan Demirgazyk Norfolkda ortaça ýaşyň 55,3-digi, iň ýaş sebitiň bolsa Tower Hamlets bolup, bu ýeriň ýaşaýjylarynyň ortaça ýaşynyň 30,6-dygy mälim edildi.
Londonda ortaça ýaşyň ýokary bolmagynyň esasy iki sebäbiniň bardygy bellenildi. Birinjiden, şäherde çaga dogluşy 2000-nji ýyllarda 1000 adamdan 16 bolan bolsa, 2010-njy ýyllarda bu görkeziji 14-e düşüpdir. Beýleki bir sebäp bolsa “Brexitden” soňra şäherdäki halkara migrantlaryň sany azalypdyr.
“Resolution Foundation” ýaş tapawudynyň oba we kenarýaka ýerlerde jemagat hyzmatlarynda bökdençligiň ýüze çykaryp biljekdigini belleýär. Çaga dogluşynyň azalmagy saglygy goraýyş we infrastruktura hyzmatlaryny üýtgedip gurmaga zerurlygy ýüze çykarar.