Ýa­gyş­ly ho­wa ba­ra­da gür­rüň açy­lan­da göz öňü­ňe gel­ýän il­kin­ji şä­her­le­riň bi­ri, me­ge­rem, Lon­don bol­sa ge­rek. Film­ler­de, te­le­se­ri­al­lar­da ýa-da çe­per eser­ler­de Lon­don köp­lenç bu­lut­ly as­man­ly we eli sa­ýa­wan­ly adam­la­ryň kö­çe­de ýö­räp bar­şy ýa­ly sah­na­lar­ bilen su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Ang­li­ýa­nyň paý­tag­tyn­da bir ta­rap­dan ro­man­tik kö­çe­le­riň bol­ma­gy, beý­le­ki ta­rap­dan şä­her­de ho­wa­nyň bir­den bu­lut­laş­ma­gy ýag­şyň köp ýag­ma­gy­na we adam­la­ryň he­mi­şe sa­ýa­wan­ly gez­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Lon­don asyr­lar­bo­ýy ýa­gyş we sa­ýa­wan bi­len bag­la­ny­şyk­ly şä­her ha­sap­lan­ýar. Eý­sem, Lon­don­da, ha­ky­kat­da­nam, ýa­gyş köp ýag­ýar­my?

Iki gat­ly gy­zyl aw­to­bus­la­ryň şä­he­ri bo­lan Lon­don At­lan­tik um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da, de­ňiz yk­ly­myn­da ýer­leş­ýär. Şol se­bäp­li bu şä­her­de ho­wa bu­lut­ly hem-de sal­kyn bo­lup, çalt üýt­gäp dur­ýar. Lon­don­da ýy­gy-ýy­gy­dan ýag­şyň ýag­ma­gy­na we üýt­ge­ýän ho­wa şert­le­ri­ne ga­bat gel­mek bol­ýar. Bu şä­her, esa­san hem, gys­ga wagt­lyk ýag­ýan ýa­gyş­la­ry bi­len ta­nal­ýar. Sel­jer­me­le­re gö­rä, kä­bir ýyl­lar Stam­bul ýa-da Rim ýa­ly Ga­ra we Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän şä­her­ler­de ýag­şyň köp ýag­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da bu ugur­da Lon­don öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Şeý­le bo­lan­soň Tem­za der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da ýa­şa­ýan­lar işe gi­den­le­rin­de ýa-da ge­ze­len­je çy­kan­larynda ýa­ny bi­len hök­ma­n sa­ýa­wan al­ýar­lar.
Lon­don­da sa­ýa­wan di­ňe bir Gün­den ýa-da ýa­gyş­dan go­raýan se­riş­de­ bol­man, eý­sem, mo­da­nyň hem ny­şa­ny­dyr. Lon­do­nyň Oks­ford kö­çe­sin­de ýa-da Kam­den şä­her­çe­sin­de aý­la­nyp ýör­käň, dür­li reňk­li we dür­li be­zeg­li sa­ýa­wan­la­ry gör­mek bol­ýar. Şä­he­riň ýet­gin­jek­le­ri geý­ýän egin-eşik­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da sa­ýa­wan gö­ter­ýär­ler. Esa­san hem, iň­lis­le­riň nus­ga­wy sti­lin­de ga­ra we de­ňiz reň­kin­dä­ki gök sa­ýa­wan­lar şä­he­riň mo­da ny­şan­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Lon­don­ly­lar üçin sa­ýa­wan­lar gün­de­lik egin-eşik­le­riň bir bö­le­gi bo­lup, kä­bir egin-eşik mar­ka­la­ry­nyň top­lu­myn­da (bir­laý egin­baş) sa­ýa­wan hem bar. My­sal üçin, Lon­don­da egin-eşik dü­ka­nyn­dan şol bir mar­ka de­giş­li köý­nek, ba­lak, kö­wüş ala­nyň­da, ýa­ny bi­len şol stil­de sa­ýa­wan hem be­ril­ýär. Umu­man, sa­ýa­wan Lon­do­nyň me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ne öw­rü­lip­dir. Bu şä­he­re bar­ýan ja­han­keş­de­ler sow­gat­lyk dü­kan­la­ryn­dan Lon­don di­ýip ýa­zy­lan sa­ýa­wan­la­ry, Big Ben we gy­zyl aw­to­bus­lar ýa­ly oý­na­waç­la­ry ýa­dy­gär­lik hök­mün­de al­ýar­lar.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Lon­don­da her ýyl or­ta­ça 110-130 gün ýa­gyş ýag­ýar. Ýa­gyş­la­ryň kö­pü­si gys­ga wagt­lyk bo­lup, «sa­ýa­wan­lar şä­he­ri­niň» ýa­şaý­jy­la­ry gü­neş­li gün­le­ri seý­rek gym­mat­lyk ha­sap­la­ýar­lar. Lon­do­nyň ýa­gyş­ly kö­çe­le­ri Çarlz Dik­ken­siň ro­man­la­ryn­dan baş­lap, «Not­ting Hill», «Şer­lok Hol­ms» ýa­ly ki­no dün­ýä­si­niň köp san­ly ede­bi eser­le­rin­de uly orun eýe­le­ýär.