Sa­ýa­wan il­kin­ji ge­zek, tak­my­nan, 4000 ýyl mun­dan ozal Gün­ba­tar Azi­ýa­nyň ta­ry­hy se­bi­ti bo­lan Me­so­po­ta­mi­ýa­da oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Şol dö­wür­ler­de bu en­jam ys­sy ho­wa şert­le­ri se­bäp­li Gün şöh­le­sin­den go­ran­mak mak­sa­dy bi­len ula­nyl­ýar. «Sa­ýa­wan» sö­zi köp dil­le­re dür­li gör­nüş­de ge­çip, «go­rag, kö­le­ge» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Sa­ýa­wan il­ki pal­ma ýap­rak­la­ryn­dan, soň­ra pa­pi­rus ga­byk­la­ryn­dan hem-de ta­wus ýe­lek­le­rin­den ýa­sa­lyp­dyr. Il­kin­ji sa­ýa­wan örän agyr bo­lan­dy­gy se­bäp­li, gö­ter­mek­de köp güý­ji ta­lap edip­dir. Me­so­po­ta­mi­ýa­dyr Mü­sür se­bit­le­rin­de pa­ty­şa­lar üçin ula­ny­lan Gün­den go­raý­jy en­jam or­ta asyr­lar­da Hy­ta­ýa hem ýaý­ra­ýar. Ýö­ne Hy­taý­da bu en­ja­my bam­buk çy­byk­la­ryn­dan ýa­sap, üs­tü­ni ýap­rak ýa-da ýe­lek bi­len ört­ýär­ler. Soň­lu­gy bi­len ne­bit­li ka­gyz­lar bi­len üs­ti ör­tü­len bu en­ja­myň ag­ra­my has ýe­ňil­le­şip, ýa­gyş­dan go­ran­mak üçin hem ula­ny­lyp baş­lan­ýar.
Sa­ýa­wan XVII asyr­da Gün­ba­tar ýurt­la­ryň me­de­ni­ýe­tin­de, esa­sa­nam, Ang­li­ýa­da, Ita­li­ýa­da we Fran­si­ýa­da uly orun eýe­le­ýär. Il­ki­baş­da bu en­jam di­ňe zenanla­ryň ýa­gyş­dan go­ran­ma­gy üçin ula­ny­lan es­bap ha­sap­la­nyp, iň­lis er­kek­le­ri­niň sa­ýa­wan­dan peý­da­la­nyp baş­la­ma­gy bi­len äh­li ki­şi üçin deň­lik bol­ýar. Jo­nas Han­weý Ang­li­ýa­nyň kö­çe­le­rin­de sa­ýa­wan ula­nan il­kin­ji er­kek adam ha­sap­lan­ýar. Baý­ly­gyň, at-ab­ra­ýyň hem-de me­de­ni­ýe­tiň ny­şa­ny ha­sap­la­nan kö­le­ge­li en­ja­myň ba­ha­sy şol dö­wür­ler gym­mat bo­lup­dyr. Ýew­ro­pa­da jem­gy­ýe­tiň ýo­ka­ry gat­la­gy­nyň we­kil­le­ri­niň sa­ýa­wa­ny ula­nyp, ma­ha­ba­ty­ny ýe­tir­me­gi bi­len bu en­jam el­ýet­mez önüm­le­riň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Gün­ba­tar ýurt­lar­da bu en­jam ki­tiň süň­kün­den ýa­sa­lyp, üs­ti agaç­dyr ga­la­ýy, al­ýu­min­dir aý­na bi­len ör­tül­ýär. 1830-njy ýyl­da te­le­ke­çi Jeýms Smit «Sons» at­ly sa­ýa­wan dü­ka­ny­ny aç­ýar we bu dü­kan hä­zir­ki wagt­da hem Lon­don­da müş­de­ri­le­re hyz­mat ed­ýär.