Lon­don­da sy­ýa­hat­çy­lyk ser­gi­si ge­çi­ril­di

82

6-8-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Ang­li­ýa­nyň paý­tag­tyn­da «World Travel Mar­ket» at­ly sy­ýa­hat­çy­lyk ser­gi­si ge­çi­ril­di. 44-nji ge­zek ge­çi­ri­len ser­gä dün­ýä­niň 180 ýur­dun­dan 4 müň tö­we­re­gi kom­pa­ni­ýa gat­naş­dy. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy çä­re­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan ser­gi 1980-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýär. Ser­gi­niň çä­gin­dä­ki mas­la­hat­da 70 ses­si­ýa ge­çi­ri­lip, 170 gat­na­şy­jy çy­kyş et­di. Ser­gi­de dür­li ýurt­la­ryň, şol san­da sy­ýa­hat­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, myh­man­ha­na­la­ryň, awia­kom­pa­ni­ýa­la­ryň we sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da iş­le­ýän beý­le­ki kär­ha­na­la­ryň pa­wi­lýon­la­ry gur­nal­dy.
Ser­gi­niň çäk­le­rin­de WTM Glo­bal sy­ýa­hat­çy­lyk ha­sa­ba­ty hem ýaý­ra­dyl­dy. Ha­sa­bat­da Hy­taý, Hin­dis­tan we In­do­ne­zi­ýa ýa­ly ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň ra­ýat­la­ry­nyň has köp sy­ýa­hat edip baş­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny has kä­mil­leş­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Sa­ud Ara­bys­ta­ny 2030-njy ýyl­la­ryň ba­şyn­da ja­han­keş­de­le­riň sa­ny­ny 100 mil­lio­na ýe­tir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Mu­nuň üçin bol­sa, esa­san, ho­wa gat­naw­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bu ýurt soň­ky bäş ýyl­da dün­ýä­de sy­ýa­hat­çy sa­ny ba­bat­da 27-nji ýer­den 13-nji or­na çy­kyp­dyr.
Dün­ýä­de iň köp to­ma­şa edil­ýän çä­re­le­riň bi­ri bo­lan «To­ur de France» gel­jek ýyl 111 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Ita­li­ýa­dan ba­dal­ga alar. Ita­li­ýa gel­jek bäş ýyl­da iň köp sy­ýa­hat­çy ka­bul ed­ýän ýurt bol­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

Şe­ker KU­LY­ÝE­WA,
Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň mu­gal­ly­my.