Germaniýanyň iri “Lufthansa” awiakonserni sebitara gatnawlary amala aşyrýan “CityLine” kömekçi kompaniýasynyň işini bes edýändigini yglan etdi. Bu karar awiaýangyjyň nyrhlarynyň dünýä bazarynda birden ýokarlanmagy sebäpli kabul edildi. Strategik meýilnama laýyklykda, kompaniýanyň parkyndaky 27 sany uçar 2026-njy ýylyň 18-nji aprelinden başlap gatnawlardan doly aýrylar. Şunuň bilen birlikde, “CityLine”-yň 2000-e golaý işgärine konserniň beýleki düzümlerinde iş orunlary hödürlendi.
Kompaniýanyň ýolbaşçylygynyň bellemegine görä, ýangyç meselesi çykdajylaryň ep-esli artmagyna getirdi. Sebitdäki durnuksyzlyklar sebäpli ýangyç nyrhlarynyň iki esseden hem köp gymmatlamagy, awiakompaniýany giň gerimli tygşytlylyk çärelerini görmäge mejbur etdi. Halkara energetika agentliginiň hünärmenleri hem Ýewropada awiaýangyç gorlarynyň çäkli ýagdaýda galýandygyny duýdurýarlar.
“Lufthansa” geljekde gysga we orta aralyklara gatnaýan ugurlaryny has bäsdeşlige ukyply ýagdaýa getirmegi hem-de netijeliligini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Şol bir wagtyň özünde, 2026-2027-nji ýyllaryň gyşky möwsüminde kompaniýanyň uzak aralyklara gatnaýan ugurlarynyň hem birnäçesiniň gysgaldylmagyna garaşylýar. Bu çäreler halkara awiasiýa bazaryndaky häzirki çylşyrymly ykdysady şertlere uýgunlaşmak hem-de konserniň umumy maliýe durnuklylygyny saklamak maksady bilen amala aşyrylýar.