Eziz Diýarymyza ýaz paslynyň ilkinji günlerinde Halkara zenanlar gününiň uly dabara beslenip, giňden bellenilmegi güneşli ülkämizde zenan mertebesiniň belentde tutulýandygyna şaýatlyk edýär. Hakykatdan-da, türkmеn halky ähli ajaýyplyklary we ýagşylyklary özünde jemleýän ynsan hökmünde zenana çuňňur sarpa goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly: «Ene kalbynyň päkligi, mähremligi biziň dünýämizi, ýurdumyzy, öýümizi nurlandyrýar. Şoňa görä-de, mukaddeslik hökmünde hormatlap, biz eziz enelerimizi Käbä deňeýäris».
Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, hormatly dynç alyşdaky mährem enelere, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli düzümlerde zähmet çekýän, ylmy edaralarda okaýan, şeýle-de talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde bilim alýan, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň 253-sine «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, olaryň birnäçesine döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy baýramçylygyň şatlygyny has-da artdyrdy.
Baýramçylygyň şanyna Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda dabaraly maslahatlar, duşuşyklar, beýleki çäreler geçirildi. Halkara zenanlar gününiň şatlyk-şowhuny paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlarynyň hormatyna guralan dabara aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sanly ulgam arkaly zenanlary gutlamagy dabara gatnaşyjylar üçin ýakymly boldy. «Biziň mähriban gelin-gyzlarymyz Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydyr. Biziň gelin-gyzlarymyz öýlerimiziň bagt ýyldyzlarydyr. Türkmen halky ene-mamalarymyza, mähriban zenanlarymyza maşgala ojagynyň, maşgala abadançylygynyň eýesi hökmünde garap gelipdir. Mähriban zenanlarymyz, türkmeniň maşgala ojaklarynyň siziň bilen, siziň edep-terbiýäňiz bilen dowamat-dowamdygyny unutmaly dälsiňiz!» diýip, Gahryman Arkadagymyz arzuwlaryny beýan etdi.
Mahlasy, bahar paslyny nurlandyrýan bu ajaýyp senäniň şanyna guralan çäreler mähriban eneler, Zeminiň gül-gunçalary bolan gelin-gyzlar üçin ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi.
Döwran ANNANEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.