Mal­ta­da par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­di

1

30-njy maýda Mal­ta­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da hä­ki­mi­ýet ba­şyn­da­ky Zäh­met­keş­ler par­ti­ýa­sy yzy­gi­der­li dör­dün­ji ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Ro­bert Abe­la­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky par­ti­ýa esa­sy bäs­de­şi bo­lan Mil­let­çi par­ti­ýa­dan, tak­my­nan, 18 müň ses ta­pa­wut bi­len öňe geç­me­gi ba­şar­dy. Ýur­duň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Zäh­met­keş­ler par­ti­ýa­sy par­la­ment­de köp­lü­gi sak­lap ga­lan hem bol­sa, bu ge­zek­ki gör­ke­zi­ji 2022-nji ýyl­da­ky saý­law­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de az­rak bol­dy. Mil­let­çi par­ti­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Aleks Borg saý­law­la­ryň ne­ti­je­si­ni yk­rar edip, Ro­bert Abe­la te­le­fon ar­ka­ly gut­lag­la­ry­ny ýe­tir­di. Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň Baş­tu­ta­ny An­to­niu Koş­ta hem saý­law­lar my­na­sy­bet­li ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri­ni gyz­gyn gut­la­dy.

Hä­zir­ki Hö­kü­met saý­law möw­sü­min­de esa­sy ün­sü­ni yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­ga gö­nük­dir­di. Ge­çen ýyl Mal­ta­nyň je­mi içer­ki önü­mi­niň (JIÖ) 4 gö­te­rim ös­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýurt Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­dä­ki iň pes hüm­met­siz­len­mä­ni we iş­siz­lik de­re­je­si­ni sak­lap gal­ma­gy ba­şar­dy. Şeý­le hem ada­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň we ýan­gy­jyň nyrh­la­ry soň­ky 10 ýy­lyň do­wa­myn­da Ýew­ro­pa­da iň pes de­re­je­de gal­ýar. Şol bir wagt­da, se­bit­dä­ki dur­nuk­syz­ly­gyň we bök­denç­lik­le­riň tä­si­ri­ni azalt­mak hem-de dün­ýä ba­zar­la­ry­na ener­ge­ti­ka önüm­le­ri­ni bök­denç­siz ýe­tir­mek me­se­le­le­ri­ne hem aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.