“Mançester Ýunaýtediň” 37 million funt sterlinglik transferi

121

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary Italiýanyň “Atalanta” klubunyň wingeri Amad Diallony transfer etdi. Taraplar geçen ýylyň oktýabr aýynda şertnama baglaşmak barada ylalaşyp gazanypdylar. Iňlis kluby 18 ýaşyndaky Kot-d’iwuarly futbolçy bilen 4,5+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Oýunçynyň transfer bahasy barada resmi maglumat berilmedi. Ýöne iňlis metbugatynda çykan habarlara görä, “Ýunaýted” ilki başda “Atalanta” toparyna 19 million funt sterling berer. Topar şertnama laýyklykda ýene-de 18,2 million funt sterlingi italýan toparyna tölär. Amad Diallo “Brexit”-den soň FA-nyň düzgünnamasy boýunça transfer edilen ilkinji futbolçy boldy.