Lukmanlar aşa agramdan dynmak üçin günüň haýsy wagtynda maşk etmelidigini anykladylar. ABŞ-nyň Wirginiýa uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagynda irden sagat 7:00-dan 9:00 aralygynda maşk etmegiň bedendäki ýagy has köp ýakýandygy ýüze çykaryldy. Orta ýaşly 5 müň 285 adamyň arasynda geçirilen barlagyň netijesinde irden maşk edenleriň günortan we agşam maşk edenlere garanyňda, agramynyň boýuna görä, has deňagramlydygy anyklandy. Şeýle hem irden maşk edenleriň biliniň has inçedigi belli boldy. Üstesine-de irden maşk edýänleriň günüň dowamynda başga hereket etmeýändigine garamazdan, agramynyň kadalydygy bellenildi. Barlaga gatnaşanlara ýedi günläp maşkyny yzarlaýan enjam dakyldy. Alymlar ir bilen maşk edilende günüň dowamyndaky iş bilen bagly beýleki aladalardan uzak bolýandygy sebäpli has täsirlidigini belleýärler. Lukmanlar ir turýan adamlaryň rahat uklap, gowy dynç alýandygyny aýdýarlar.
Jahan ÝAZGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









