Şweýsariýa göçmek üçin iň amatly ýurt diýlip ykrar edildi

3

«Remitly» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan 2026-njy ýylyň Immigrasiýa indeksine laýyklykda, Şweýsariýa durmuş şertleri, zähmet haky we howpsuzlyk derejesi boýunça iň ýokary görkezijileri eýeläp, göçüp barmak we ýaşamak üçin dünýäniň iň özüne çekiji döwleti diýlip ykrar edildi. Dünýäniň 82 ýurduny durmuşyň gymmatlylygy, bilimiň derejesi, saglygy goraýyş, ekologiýa we durnuklylyk ýaly 34 sany esasy görkeziji boýunça bahalandyrýan bu halkara reýtingde ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, Islandiýa hem-de Lýuksemburg eýeledi. Ilkinji bäşligiň hataryna Ýewropa sebitinden bolmadyk ýeke-täk döwlet hökmünde Awstraliýa (4-nji orun) we Germaniýa (5-nji orun) girdi. Göçüp barmak üçin iň amatly onlugyň dowamynda bolsa Irlandiýa, ABŞ, Daniýa, Norwegiýa we Ispaniýa ýaly ýurtlar ýerleşdi.
Geçirilen barlaglar durmuşyň dürli ugurlary, şol sanda maşgala durnuklylygy we maddy bähbitler boýunça hem aýratynlyklary ýüze çykardy. Hususan-da, bilim ulgamy, çagalara ideg etmek şertleri we durmuş goldawy boýunça Ispaniýa maşgalaly göçüp barmak üçin iň amatly ýurt diýlip bellenildi. Bu ugurda Hytaý ikinji, ABŞ bolsa üçünji orny eýeledi. Şonuň bilen bir wagtda, girdejileriň we çykdajylaryň özara gatnaşygy, ýagny, ýaşaýyş gymmatlygy we satyn alyjylyk ukyby boýunça Saud Arabystany dünýäde birinji orny eýeledi. Bu görkeziji boýunça Bangladeş we ABŞ öňdäki orunlary paýlaşsa, Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Norwegiýa we Daniýa girdejileriň hem-de çykdajylaryň iň amatly deňagramlylygyny üpjün edýän döwletler hökmünde hasaba alyndy.