Meksika ahyry ýeňiş bilen başlady

2

Futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşan pursady-da ahyry gelip ýetdi. Paýtagt Mehiko Sitidäki meşhur Estadio Azteca-da ýer eýesi Meksika bilen Günorta Afrikanyň arasyndaky duşuşyk bilen 23-nji FIFA Dünýä Kubogyna badalga berildi.
Braziliýaly Wilton Sampaionyň eminlik eden oýnunda Meksika 2-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Duşuşygyň 9-njy minutynda goragçylaryň gödek ýalňyşlygyndan peýdalanan Hulian Kuinýones hasaby açdy. Ol çempionatyň ilkinji goly bolup, 29 ýaşyndaky futbolçy bu ugurda adyny taryha ýazdyrdy. Kuinýones DK-de ilkinji goly geçiren 1-nji KONKAKAF-ly futbolçy boldy.
Oýnuň 2-nji ýarymynyň başynda, has takygy, 49-njy minutda afrikalylar meýdançada 1 oýunçy kemeldi. Sfefelo Sithole gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy. Duşuşygyň 67-nji minutynda Meksikanyň tejribeli hüjümçisi Raul Himenes kelle urgusy bilen hasaby 2-0-a ýetirdi. Oýnuň 84-nji minutynda GAR-yň düzüminden ýene bir oýunçy gyzyl kart aldy. Eden gödeksi hereketi üçin Temba Zwane meýdançadan çykaryldy. Duşuşygyň 90+2-nji minutynda Meksikanyň kapitany Sezar Montes hem gyzyl kart aldy. Netijede, duşuşyk 2-0 hasabynda Meksikanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Meksika Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek açylyş duşuşyklarynda ýeňiş gazanmagy başardy. Meksikanyň ýygyndysy mundan öň 7 gezek açylyş duşuşygynda oýnap, şolaryň 5-sinde utulyp, soňky 2-sinde deňme-deň oýnapdy.

Şeýle-de, çempionatyň 1-nji duşuşygynda 3 gyzyl kartyň görkezilmegi aýratyn bellärliklidir. Dünýä Kubogynyň taryhynda açylyş duşuşygynda ilkinji gezek 3 gyzyl kart, şol sanda 1 topardan 2 futbolça gyzyl kart görkezildi. Russiýa 2018-de çempionat boýunça 3, Katar 2022-de bolsa 4 gyzyl kart görkezilip, şolar bilen deňeşdirilende, bu Dünýä Kubogynda täze rekordyň goýulmagy-da mümkin.