Italiýaly hüjümçi Çiro Immobile 1 ýyldan soň ýurduna dolandy. Geçen möwsümi Türkiýäniň “Beşiktaş” toparynda geçiren 35 ýaşyndaky hüjümçi “Serie A”-nyň “Bolonýa” topary bilen 1+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Immobile “Beşiktaşda” 41 oýunda 19 gol geçiripdi. Karýerasyna “Sorrento” toparynda başlan Immobilen “Ýuwentus”, “Siena”, “Grosseto”, “Peskara”, “Jenoa”, “Torino”, “Borussiýa Dortmund”, “Sewilýa” klublarynda oýnap, 2016-njy ýylda “Lasio” toparyna transfer boldy. Ol rimlileriň düzüminde 8 möwsümde 340 duşuşyk geçirip, şolarda 207 gezek tapawutlandy. Immobile Italiýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini 57 oýunda geçip, 17 goly derwezä girizdi. Immobile “Serie A”-da 200-den köp gol geçiren 8-nji futbolçydyr (201 gol).