Messiniň 700-nji, Mbappeniň 200-nji goly

124
Sports Orange Vélodrome (Marseille 13), le 26 février 2023 Olympique de Marseille-Paris Saint Germain 25e journée de ligue 1 Photo LP / Fred Dugit

Fransiýanyň çempionatynda 26-njy tapgyrda “Le Klassik” derbisi oýnaldy. “Welodrom” stadionynda oýnalan bu oýunda 2-nji ýerdäki “Marsel” sanawyň lideri PSŽ-ni kabul etdi. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda parižliler 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda soňky çempionyň gollaryny 25-nji we 55-nji minutlarda Lionel Messiniň paslaryndan soň Kilian Mbappe hem-de 29-njy minutda Mbappeniň pasyndan soň Lionel Messi geçirdi. Bu ýeňişden soň PSŽ topary “Marsel” bilen arasyndaky utuk tapawudyny 8-e çykardy. Şunlukda, Kilian Mbappeniň PSŽ-däki gollarynyň sany 200-e ýetip, ol bu ugurda rekordyň eýesi Edinson Kawani bilen deňleşdi. Mbappe 246, Kawani 301 oýunda 200 gola ýetdi. Lionel Messi bolsa PSŽ-däki 28-nji goluny geçirdi (“Barselonada” 672 gol). Argentinaly super ýyldyzyň soňky goly klublardaky 700-nji goly bolup, ol TOP 5 çempionatda bu görkezijä ýeten ilkinji futbolçy diýlip bellige alyndy.