Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 16-njy tapgyryň galdyrylan duşuşygynda “Milan” myhmançylykda “Komo” toparyny 3-1 hasabynda ýeňdi. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri 10-njy minutda Kempiň goly bilen öňe saýlandy. Ýöne garşylyklaýyn hüjümler bilen oýny gurnan “Milan” topary 45-nji minutda fransiýaly hüjümçi Kristofer Nkunkunyň penaltiden geçiren goly esasynda hasaby deňledi. 1-nji ýarymda “Milanyň” fransiýaly derwezeçisi Maýk Menýan erjel oýun görkezip, toparyny birnäçe goldan halas etdi.
Myhmanlar 2-nji ýaryma-da gol bilen başlady. Oýnuň 55-nji minutynda Adrien Rabio “Milany” öňe geçirdi. Ol 88-nji minutda uzak aralykdan topy batly urup, ýene bir gezek tapawutlandy we oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, “Milan” 2 oýundan soň ýeňiş gazanyp, utugyny 43-e çylardy we 46 utukly “Interiň” aratapawudy hasam açmagyna ygtyýar bermedi.
Şeýle-de, “Bolonýa” topary myhmançylykda iň aşaky orunda barýan “Weronany” 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi (Orban 13, Froýler 72 ö.d. – Orsolini 21, Odgor 29, Kastro 44).
PDF









