Italiýanyň “Milan” topary goragyna 2 futbolçy goşdy. “Rosseneriler” ilki “Jenoa” toparyndan belgiýaly 23 ýaşyndaky merkezi goragçy Koni De Winteri 20 million ýewro transfer etdi. Şeýle-de, Şweýsariýanyň “Ýang Boýz” toparyndan sag gyraky goragçy Zakari Atekame hem “Milanyň” düzümine goşuldy. 20 ýaşyndaky oýunçynyň transfer tölegi 10 million ýewro diýlip bellenildi. Italýan kluby 2 oýunçy bilen 2030-njy ýyla çenli şertnama baglaşdy. De Winter “Ýuwentusyň” U23 düzüminde hem-de “Empolide” oýnapdy. Atekame bolsa “Ýang Boýzdan” öň “Newşatel Ksamaksyň” köýnekçesini geýipdi. De Winter 5-nji, Atekame bolsa 24-nji belgili köýnekçede çykyş eder.