Kino sungatynyň taryhynda ilkinji gezek iňlis dilinde bolmadyk ekran eseriniň prokatlardan gazanjy 1 milliard dollardan geçdi. Hytaý animasiýasy “Neçža 2”, doly ady “Neçža ži Motong Naohai” bolan multfilm iki hepdedenem az wagtyň dowamynda, ýagny 11 günde 1 milliard dollardan köp girdeji toplady. 29-njy ýanwardan görkezilip başlanan animasiýanyň häzirki wagtda toplany 1 milliard 67 million dollardan geçdi. 80 million dollar çykdajy edilen multfilme Ýan Ýuý režissýorlyk edýär. Mandarin dilindäki filmiň dowamlylygy 144 minutda deňdir.
Bu animasiýa dünýäde 1 milliard dollardan köp girdeji gazanan 57-nji ekran eseri, 14-nji animasiýa boldy. Şeýle-de, ol häzir wagtda umumy sanawda 9-njy orunda bolup, öňümizdäki günlerde has öňdäki orunlara beýgeler. Hytaýyň iň köp girdeji gazanan ekran eseri bolan “Ne Zha 2” bu ugurda “Çosin howdanyndaky söweş” (Changjin hu) filmini yzda galdyrdy. 200 million dollar býujetli film prokatlardan 913 million dollar toplapdy.
Bu animasiýadan öňem başga bir multfilm hem milliard dollarlyk girdeji toplan ekran eserleriniň hataryna goşulypdy. Häzirki wagtda-da prokatlarda görkezilmegi dowam edýän “Moana 2” atly animasiýa 1 milliard dollardan geçen 56-njy film, 13-nji multfilm bolupdy. Ol geçen ýylyň senenamasynda ekranlara goýberilip, 2024-nji ýylyň kassa ýygymyny 1 milliard dollardan geçiren 2-nji animasiýasy, 3-nji kinosy hökmünde hasaba alynypdy.