Mi­wä­niň özü­ni iý­mek has peý­da­ly

2

Ýa­kyn­da ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­lar­da mi­wä­niň özüni iý­me­giň ýa-da blen­der­den ge­çi­rip, go­ýy şi­re­si­ni (smu­zi) iç­me­giň mi­we şi­re­si­ni iç­mek­den has peý­da­ly­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. «Fron­tiers in Nut­ri­ti­on» žur­na­lyn­da çap edi­len bar­la­ga gö­rä, mi­we şi­re­si­ni aşa köp iç­ýän­ler­de süý­ji ke­se­li we ho­les­te­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy ýa­ly ýag­daý­la­r has köp duş gel­ýär. Şi­re sy­ky­lyp taý­ýar­la­nan­da, mi­wä­niň dü­zü­min­dä­ki peý­da­ly mad­da­lar ýit­ýär, blen­der­den ge­çi­ri­len­de bol­sa, mad­da­lar we wi­ta­min­ler sak­la­nyp gal­ýar. Üwe­len mi­we ýo­kum­ly bo­lup, be­de­ne siň­ňit­li­li­gi ýo­kar­lan­ýar. Bi­ler­men­ler mi­wä­ni az iý­ýän­ler­de we di­ňe mi­we şi­re­si­ni iç­ýän­ler­de ru­hy bo­zul­ma­la­ryň, uku­syz­ly­gyň hem-de se­miz­li­giň has köp ýü­ze çyk­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­rayýş Gu­ra­ma­sy­nyň (BSGG) hü­när­men­le­ri her gün, azyn­dan, 400 gram gök önüm we mi­we iý­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Hü­när­men­ler bir gü­nüň do­wa­myn­da içil­ýän mi­we şi­re­si­niň muk­da­ry­nyň 150 ml-den geç­me­li däl­di­gi­ni duý­dur­ýar­lar. Şeý­le hem iki we üç gör­nüş­li mi­wä­ni bi­le­lik­de iý­me­giň has peý­da­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Mi­we­le­ri gaý­ta­dan iş­le­nen şi­re gör­nü­şin­de däl-de, özüni iý­mek ýa-da üwe­len go­ýy gör­nü­şin­de (smu­zi) iç­mek be­de­niň go­ra­nyş ul­ga­my­na we umu­my sag­lyk ýag­da­ýy­na has oňaý­ly tä­sir ed­ýär.