Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, “Instagram”-da 100 milliondan gowrak agzasy bolan dünýädäki ilkinji syýasatçy boldy. Hindistan 2022-nji ýylda Hytaýdan öňe geçip, dünýäniň iň köp ilatly ýurdy boldy.
“The Times of India” neşiriniň ýazmagyna görä, dünýä liderleriniň arasynda agzalarynyň sany boýunça ikinji ýerde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp durýar. Onuň hasabyna 43 milliondan gowrak ulanyjy agza boldy. Üçünji ýeri bolsa Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto eýeledi – oňa 15 million ulanyjy agza bolupdyr.
Modi jemgyýetçilik torundaky sahypasyny 2014-nji ýylda açdy.
“Instagram”-da yzarlaýjy sany boýunça rekord portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldo degişli bolup, oňa 671 milliondan gowrak ulanyjy agza boldy. Ol 2024-nji ýylda ähli jemgyýetçilik torlarynda agza sany 1 milliarda ýeten taryhdaky ilkinji ynsan boldy. Onuň “Instagram”, “Facebook”, “X”, “YouTube”, “Kuaishou” we “Weibo” platformalarynda şahsy sahypalary bar.