Köp ýurt­da şah­sy­ýe­tiň ata­sy­nyň ady­ny gö­ter­ýän fa­mi­li­ýa­sy bar. Bu däp köp hal­kyň me­de­ni­ýe­tin­de asyr­lar­bo­ýy do­wam edip gel­ýän hem bol­sa, fa­mi­li­ýa ulan­ma­ýan ýurt­lar hem bar. Res­mi­na­ma dol­du­ry­lan­da so­ral­ýan so­rag­la­ryň bi­ri hem «Fa­mi­li­ýa­ňyz nä­me?». Em­ma kä­bir ýur­duň ýa­şaý­jy­la­ry bu so­ra­ga ady­ny aýt­mak bi­len jo­gap ber­ýär­ler. Dün­ýä­de mil­li­on­lar­ça adam fa­mi­li­ýa­syz ýa­şa­ýar. In­do­ne­zi­ýa­dan Ti­be­te çen­li ara­lyk­da­ky ýurt­lar­da at dak­mak we fa­mi­li­ýa bi­len bag­ly tä­sin däp-des­sur­lar ýö­re­dil­ýär. Ge­liň, fa­mi­li­ýa ula­nyl­ma­ýan ýurt­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Ada­ma fa­mi­li­ýa­sy bi­len ýüz­len­mek, res­mi­na­ma­lar­da fa­mi­li­ýa ulan­mak Gün­ba­tar dün­ýä­sin­de Or­ta asyr­lar­dan soň ýör­gün­li dä­be öw­rül­ýär. Ýew­ro­pada ila­tyň kö­pel­me­gi, söw­da­nyň ös­me­gi bi­len, ha­sa­ba al­mak we sal­gyt ýyg­na­mak ýa­ly iş­ler­de şah­sy­ýet­le­ri bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­dyr­mak üçin fa­mi­li­ýa ula­ny­lyp baş­lan­ýar. Soň­lu­gy bi­len Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da fa­mi­li­ýa ulan­mak dä­bi ka­nu­ny esas­da or­naş­dy­ryl­ýar. Şeý­le­lik bi­len tä­ze bir ul­gam eme­le gel­ýär.
Hy­taý, Ýa­po­ni­ýa we Ko­re­ýa ýa­ly Gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ryn­da fa­mi­li­ýa ulan­mak dä­bi Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­dan düýp­gö­ter ta­pa­wut­lan­ýar. My­sal üçin, Hy­taý­da res­mi­na­ma­lar­da il­ki fa­mi­li­ýa, soň­ra at ýa­zyl­ýar. Em­ma kä­bir Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ryn­da, esa­san hem, In­do­ne­zi­ýa­da, Mýan­ma­da we Ti­bet­de köp ada­myň di­ňe ady bar. Bu ýurt­lar­da ada­ma da­kyl­ýan at­lar söz dü­zü­min­den, şah­sy­ýe­tiň hä­si­ýe­ti­ni ýa-da dog­lan gü­nü­ni aň­lad­ýan söz­ler­den dur­ýar.
In­do­ne­zi­ýa fa­mi­li­ýa ula­nyl­ma­ýan ýurt­la­ryň iň esa­sy­sy bo­lup, 270 mil­li­on­dan gow­rak ila­ty bo­lan bu ýurt­da mil­li­on­lar­ça ada­myň di­ňe ady bar. My­sal üçin, sport dün­ýä­sin­de ta­nal­ýan fut­bol­çy­la­ryň bi­ri bo­lan Egi Mau­la­na Wik­ri­niň do­ly ady as­lyn­da, Egi Mau­la­na.
Mýan­ma­nyň ýa­şaý­jy­la­ry fa­mi­li­ýa­nyň de­re­gi­ne adyň öňün­den go­şul­ýan kä­bir go­şul­ma­la­ry ulan­ýar­lar. Bu ýurt­da er­kek­le­riň adyn­da «U», ze­nan­la­ryň adyn­da «Daw» hor­mat hök­mün­de ula­nyl­ýar. Bu go­şul­ma­lar ada­myň ýa­şy­ny, jyn­sy­ny we jem­gy­ýet­dä­ki or­nu­ny gör­kez­mek bi­len, şah­sy­ýe­tiň jem­gy­ýet­dä­ki or­nu­ny kes­git­le­mek­de uly orun eýe­le­ýär.
Ti­bet me­de­ni­ýe­tin­de at dak­mak (la­ma) di­ni da­ba­ra bi­len baş­la­ýar. Ça­ga­la­ryň kö­pü­si­ne dün­ýä inen­den soň la­ma dak­ýar­lar. La­ma at dak­mak dä­bin­de ça­ga­nyň dog­luş aý­ra­tyn­ly­gy we hä­si­ýe­ti göz öňün­de tu­tul­ýar. My­sal üçin, ça­ga hor­my ýa-da se­miz­mi, be­de­nin­de meň, hal bar­my, ça­ga­nyň sa­çy­nyň reň­ki nä­hi­li, ag­lak­my ýa-da gü­lek­mi, umu­man ça­ga özün­dä­ki aý­ra­tyn­ly­ga gö­rä at da­kyl­ýar. Ýurt­da la­ma at­la­ry mu­kad­des ha­sap­lan­ýar. Bu ýurt­da maş­ga­la fa­mi­li­ýa­la­ry ula­nyl­ma­ýar. Ti­bet­li­ler la­ma at­la­ry­nyň ada­my ru­hy taý­dan er­bet­lik­ler­den go­ra­ýan­dy­gy­na ynan­ýar­lar.
Is­lan­di­ýa­da at we fa­mi­li­ýa bi­len bag­la­ny­şyk­ly tä­sin düz­gün ula­ny­lýar. Ada ýur­dun­da­ky düz­gü­ne gö­rä, tä­ze dog­lan ça­ga ka­ka­sy­nyň ady­ny fa­mi­li­ýa edip al­ýar. My­sal üçin, ça­ga­nyň ka­ka­sy­nyň ady Jon bol­sa, og­lan­jyk­lar Jon­son (Jo­nuň og­ly), gyz­ja­gaz­lar Jons­dot­tir (Jo­nuň gy­zy) di­ýen fa­mi­li­ýa­la­ry ulan­ýar. Bu ýurt­da fa­mi­li­ýa her ne­sil­de üýt­gäp dur­ýar.