Awtoulag ýaryşlarynyň naýbaşylaryndan hasaplanýan NASKAR bäsleşigi Arizonada geçirilen möwsümiň 36-njy ýaryşyndan soň tamamlandy. Soňky tapgyrda ýeňiş gazanan Çeýs Elliot 72nji NASKAR-yň hem ýeňijisi bolmagy başardy. “Chevrolet” kysymly ulagy bilen bäsleşen “Hendrick Motorsports” toparynyň sürüjisi Elliot umumylykda 5040 utuk toplap, 2012-nji ýylyň çempiony Bred Keselowskiden (5035 utuk), 2018-nji ýylyň çempiony Joýi Loganodan (5034) hem-de Denni Hamlinden (5033) öňe saýlandy. Bu 24 ýaşly Elliotyň ilkinji NASKAR çempionlygy bolup, onuň ýeňşi garaşylmadyk waka boldy. Elliot şu möwsümde 36 bäsleşigiň 5-sinde ýeňiş gazanmagy başardy. Geçen ýylyň çempiony Kaýl Buş bu gezek 8-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy.