Halkara energiýa agentliginiň bilermenleri nebite bolan islegiň geljek ýyl 1 million 700 müň barrel artyp, 101 million 640 müň barrele ýetip biljekdigini çaklaýar. Agentligiň çaklamalaryna görä, Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetlerinde nebitiň ýylanmak üçin sarp edilmegi bilen bu önüme bolan isleg ýokarlanypdyr. Bilermenler 2022-nji ýylda nebite islegiň 140 müň barrel/gün artyp, 2,3 million barrel/güne ýetjekdigini, geljek ýyl bu görkezijiniň 100 müň barrel/gün artyp, 1,7 million barrel/gün boljakdygyny çaklaýarlar. Maglumatlara görä, global nebit önümçiliginiň noýabr aýynda 5 aýlyk ösüşi togtap, gündelik 190 müň barrel azalypdyr we 101 million 730 müň barrel bolupdyr. OPEC ýurtlarynyň nebit önümçiligi bolsa, 34 million 350 müň, beýleki ýurtlaryň önümçiligi 67 million 380 müň barrel bolupdyr.
Pälwan Nuryýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









