Mançester Ýunaýtediň portugaliýaly super ýyldyzy Kristiano Ronaldo ogly barada kelam-agyz aýtdy. Ol golaýda Mançester Ýunaýtediň çagalar topary bilen şertnama baglaşan oglunyň edil özi ýaly bedenini goramagynyň gerekdigini belläp geçdi. Ýyldyz futbolçy bu barada golaýda geçirilen Global futbol baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynda: “Men oglumyň käbir ýaramaz endiklerden daşlaşmagyny isleýärin. Ýöne Kristiano Junior gazly içgileri hem-de tiz-tagam önümlerini azda-kände halaýar. Onuň geljekde ökde futbolçy bolup-bolmajakdygyny wagt görkezer. Meniň halamaýandygymy bilse-de, kämahal Coca-Cola, Fanta içýär, ýa-da çipsi iýýär. Ylgawdan soň oňa sowuk suwa düşmegini maslahat berýärin. Ýöne ol kaka sowuk diýýär. Bu adaty ýagdaý aslynda, sebäbi ol entek ýaňy 11 ýaşynda” diýip, gürrüň berdi. Ronaldo oglunyň futbola ukybynyň bardygyny aýdyp: “Mümkinçiligi bar, top bilen edýän hereketleri, tizligi gowy. Bu kyn we özüňi bermeli iş. Bu babatda men oňa gysyş görkezemok. Eger menden onuň futbolçy bolmagyny isleýärsiňizmi ýa ýok diýip, sorasaňyz elbetde, hawa diýerin. Futbolçy bolsun, lukman bolsun, onuň üçin iň gowusyny isleýärin” diýip, sözüni jemledi.