Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň nobatdaky mejlisinde Gresiýanyň iň beýik nokady bolan Olimp dagyny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky haýyşnama seredilýär. Tebigy we medeni gymmatlyklary özünde jemleýän garyşyk tipli obýekt hökmünde hödürlenen bu sebitiň meşhur sanawa girizilmegi halkara derejede ykrar edilmegi ugrunda möhüm ädim bolar. 2 918 metr beýiklikdäki bu dag diňe bir özboluşly tebigy ýadygärlik bolman, eýsem gadymy grek mifologiýasynyň hem-de baý ekologiýa ulgamynyň merkezi hökmünde uly ähmiýete eýedir.
Aşaky künjegindäki Dion arheologik toplumyny hem öz içine alýan taslamanyň kabul edilmegi sebitiň dünýä derejesindäki abraýyny artdyrmak bilen bir hatarda, onuň tebigy gurşawyny gorap saklamak baradaky jogapkärçiligi hem has-da ýokarlandyrýar. Ýylda müňlerçe syýahatçylary özüne çekýän Olimpyň baý florasyny we faunasyny goramak hem-de artýan syýahatçylyk akymyny talabalaýyk dolandyrmak sebitleýin häkimiýetleriň we ýaşaýjylaryň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri hökmünde görkezilýär. Gresiýa tarapyndan ilkinji gezek 2014-nji ýylda hödürlenen bu resminama halkara hünärmenleriň maslahatlary esasynda geologiýa, köpdürli biologik aýratynlyklar we medeni gymmatlyklar boýunça goşmaça maglumatlar bilen baýlaşdyryldy.
PDF









