Ylym we bilim islendik jemgyýetiň ösüşini, onuň medeni we ykdysady taýdan kämilleşmegini üpjün edýän esasy güýç bolup, jemgyýetiň aň-bilim derejesini ýokarlandyrýar, ykdysadyýetiň durnuklylygyny berkitmäge we tebigy baýlyklary tygşytly hem-de netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär. Adamzat taryhynyň haýsy döwrüne seretseň-de, ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi täze siwilizasiýalaryň kemala gelmegine sebäp bolupdyr. Şol sebäpli dünýäniň ösen döwletlerinde ylma, bilime we innowasiýalara aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni döwlet derejesinde uly dabaralar bilen bellenilip geçilýär. Bu sene diňe bir alymlaryň, professor-mugallymlaryň ýa-da talyp ýaşlaryň baýramy bolman, ýurdumyzyň intellektual kuwwatynyň, uly üstünlikleriň dabaralanmasydyr.
Türkmen halky dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna uly goşant goşan halkdyr. Gadymy Merw, Gürgenç, Nusaý ýaly şäherler diňe bir söwda merkezi bolman, Gündogaryň iň iri ylym we bilim ojaklary hasaplanypdyr. Bu ýerlerde ýerleşen kitaphanalar, obserwatoriýalar we medreseler dünýäniň çar tarapyndan gelen alymlary özüne çekipdir. Merw şäherinde ýerleşen «Sowat öýleri» we dünýä belli kitaphanalar öz döwründe ylmyň iň ösen künjegini emele getiripdir. Beýik akyldar Omar Haýýam astronomik barlaglaryny we senenama özgertmelerini hut Merw obserwatorýasynda amala aşyrypdyr. Gürgenç (Köneürgenç) bolsa Horezmşalar döwründe ylmyň we medeniýetiň iň uly merkezine öwrülipdir. Bu ýerde emele gelen «Mamunyň akademiýasy» dünýä ylmyna uly goşant goşupdyr. Lukmançylyk ylmynyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Abu Ali ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly kitaby asyrlarboýy Ýewropanyň bilim ojaklarynda esasy gollanma hökmünde okadylypdyr. Ibn Sina Gürgençde ýaşap, özüniň köp sanly ylmy açyşlaryny hut şu toprakda amala aşyrypdyr. Abu Reýhan al-Biruni bolsa geodeziýa, mineralogiýa, astronomiýa we matematika ylymlarynda öwrülişik eden alym bolup, Ýer şarynyň radiusyny takyk ölçemegi başarypdyr we bütindünýä ylmyna uly täsir edipdir. Mahmyt Kaşgarly we Ýusup Has Hajyp dagylar türki dilleriň edebiýatynyň we jemgyýetçilik ylymlarynyň ösmegine getiren ylmy işleri ýazan akyldarlar. Al Horezmi algebra ylmynyň düýbüni tutujy bolup, «Algoritim» düşünjesi hut şu alymyň adyndan gözbaş alýar. Halkymyzyň taryhynda uly yz galdyran bu akyldarlar häzirki zaman türkmen alymlary üçin nusgalyk mekdepdir. Ylymlar güni bellenilende, biz diňe bir şu günüň däl, eýsem, geçmiş mirasymyzyň hem sarpasyny tutýarys.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ýurdumyzda ylmy syýasaty alyp barýan, düýpli we amaly barlaglary utgaşdyrýan esasy ylmy merkezdir. Dürli ýyllarda amala aşyrylan ylmy özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümindäki ylmy-barlag institutlarynyň işi mazmun taýdan baýlaşdyryldy. Ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komiteti döredildi hem-de ylmy derejeleri (ylymlaryň kandidaty, ylymlaryň doktory) we ylmy atlary (dosent, professor) bermegiň täze halkara talaplaryna laýyk gelýän ulgamy girizildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümindäki ylmy-barlag institutlary, Halkara ylmy-tehnologiýa parky, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri iň döwrebap enjamlar, barlaghana toplumlary we kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edildi.
Ýaşlary ylma çekmek maksady bilen, her ýyl ylmy işleriň bäsleşikleri guralýar, aspirantura we doktorantura arkaly ýokary hünärli hünärmenleriň täze nesli kemala getirilýär. Ylym ulgamynyň hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Ylym we tehnologiýa ulgamyny ösdürmek ýurduň ykdysady we durmuş taýdan galkynyşyny üpjün etmegiň baş şerti hökmünde görülýär. Türkmenistanyň ylym ulgamy diňe bir nazary bilimi däl, ýurduň ykdysady garaşsyzlygyny goldaýan amaly barlaglary ösdürmäge ünsüni gönükdirýär. Häzirki wagtda sanly ykdysadyýet we maglumat tehnologiýalary ýurdumyzda «akylly» şäher konsepsiýalaryny ösdürmek, emeli aň, kiberhowpsuzlyk we uly maglumatlar (Big data) ýaly ugurlarda ylmy barlaglar işjeň alnyp barylýar. Sanly ulgama geçiş ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda dolandyryşy kämilleşdirmäge kömek edýär. Türkmenistan uglewodorod serişdelerine baý döwlet bolsa-da, alym-hünärmenler tarapyndan «ýaşyl» energetika, Gün we ýel energiýasyny ulanmagyň tehnologiýalary öwrenilýär. Şeýle hem nebitiň we gazyň gaýtadan işlenilişini çuňlaşdyrmak, täze himiki önümleri almagyň usullary işlenip düzülýär. Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň esasynda ekologiýa taýdan arassa täze derman serişdelerini döretmek boýunça ylmy işler dowam edýär. Suw serişdelerini tygşytly ulanmak, damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny kämilleşdirmek we «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitiniň ekologiýasyny öwrenmek boýunça uly göwrümli ylmy taslamalar amala aşyrylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň ylym ulgamynda nanotehnologiýalar, täze materiallar, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, azyk howpsuzlygy we oba hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň ylym ulgamy dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, Ýewropa bileleşiginiň ylmy gaznalary we daşary ýurtlaryň Ylymlar akademiýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bilelikdäki ylmy maslahatlar, tejribe alyşmalar we halkara taslamalar türkmen ylmynyň dünýä derejesine çykmagyna oňaýly şertleri döredýär.
Türkmenistanda ylma goýulýan durnukly maýa goýumlary we amala aşyrylýan özgertmeler ýurduň intellektual kuwwatyny has-da ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda alnyp barylýan ylmy barlaglar diňe bir ykdysady bähbit getirmek bilen çäklenmän, geljekki nesiller üçin durnukly innowasion we ylma esaslanan ösen döwleti gurmagyň kepili bolup durýar.
Akmyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
PDF









