13-nji aprelde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Osaka ikinji gezek Bütindünýä sergisine geçirýär – bu şäherde geçen asyrda «EKSPO-1970» guralypdy.
Bu gezek “Durmuşymyz üçin geljekki jemgyýeti döretmek” şygary bilen geçirilýän Osaka Bütindünýä sergisi şäheriň içindäki Ýumesima adasynda geçirilýär. Bu adanyň daşyndan iki kilometre golaý agaç halka oturdyldy. Dünýäniň iň uly agaç gurluşy hökmünde ykrar edilen bu halkanyň içinde, «EKSPO-2025»-e gatnaşýan ýurtlaryň pawilýonlary ýerleşýär. Bu karar sergini gurnaýjylar tarapyndan teklip edilen “Dürlülikde agzybirlik” konsepsiýasyny görkezmek üçin niýetlenendir.
«EKSPO-2025»-iň açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we onuň aýaly Masako, şazada Akisino we şazada Kiko we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Isibu Sigeru gatnaşdy. Bu gezek Bütindünýä sergisi oktýabr aýynyň 13-ne çenli dowam eder we gurnaýjylar bu döwürde oňa 28 milliondan gowrak adamyň gelmegine garaşýarlar.
Türkmenistan şu gün – 14-nji aprelde Milli gününi belleýän ilkinji ýurtlaryň biri boldy. Bu çäre «EXPO-nyň» «Ray Garden» atly Milli günler zalynda geçirilýär. Türkmenistanyň Bütindünýä sergisindäki diwarlygynyň taslamasy «Belli Creative» dizaýn studiýasy tarapyndan amala aşyrylyp, ol 3 gatdan ybaratdyr.