Amerikaly meşhur aktýor Jin Hekmen aradan çykdy. Oskarly aktýoryň 95 ýaşy bardy. 1990-njy ýyllardan bäri Nýu Meksika ştatynyň Santa Fe şäherinde ýaşap gelýän Jin Hekmeniň ýanýoldaşy Betsi Arakawa, şol sanda olaryň itleri hem aradan çykdy. Ýerli polisiýa olaryň näme sebäpden ölendigini häzirki wagtda anyklamaga çalyşýar.
1930-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Kaliforniýada dünýä inen Hekmen 1950-nji ýyllaryň 2-nji ýarymyndan başlap, filmlerde surata düşýär. Aktýoryň surata düşen filmlerinden “Bonnie & Clyde” (1968), “I Never Sang for My Father” (1971) kinolaryndaky keşpleri oňa ikinji plandaky iň gowy aktýor ugry boýunça Oskar dalaşgärlerini gazandyrýar. 1972-nji ýyldaky “Fransuz aragatnaşygy” (The French Connection) filmindäki keşbi üçin iň gowy aktýor ugrundan Oskaryň eýesi bolýar. 1989-njy ýylda “Mississippi ýanýar” (Mississippi Burning) filmindäki keşbi bilenem iň gowy aktýor ugry boýunça Oskara dalaşgärlik gazanýar. Istwudyň “Unforgiven” filmindäki keşbi üçinem 2-nji Oskar heýkeljigini asmana göterýär (ikinji plandaky iň gowy aktýor). Oskar gazanan filmlerindäki keşpler bilen BAFTA-ny, “Altyn globusy” hem alan Hekmen “Mississippi ýanýar” filmindäki keşp bilen Berlinde “Kümüş aýy” baýragyny gazanýar.
Başga-da onlarça baýrak gazanan Hekmen ýokarda ady agzalan ekran eserlerinden başga-da The Poseidon Adventure (1972), Scarecrow (1973), The Conversation (1974), A Bridge Too Far (1977), Superman (1978, Superman II (1980), Under Fire (1983), Power (1986), Loose Cannons (1990), The Firm (1993), The Quick and the Dead (1995), The Birdcage (1996), Enemy of the State (1998), Behind Enemy Lines (2001), Runaway Jury (2003) ýaly meşhur filmlerde dürli keşpleri ýerine ýetirýär. 80 töweregi filmde, 20-ä golaý serialda, 10 spektaklda dürli keşpleri janlandyran Jin Hekmen soňky gezek 2004-nji ýylda “Musporta hoş geldiňiz” filminde surata düşüpdi.
Ussat aktýor Dastin Hoffman bilen ýakyn dost bolan Jin Hekmen aktýorçylygy taşlanyndan soň, 4 sany kitap hem ýazdy.