Ilkinji dizel hereketlendiriji oturdylan ulagyň ösümlik  ýagy bilen işländigini eşidipdiňizmi? Ösümlik ýagyny ýangyç hökmünde ulanmagyň 125 ýyla golaý taryhy bar. Şeýle-de bolsa häzire çenli baý ýerasty nebitiň has arzan bolmagy sebäpli nebit ýangyçly hereketlendirijili ulaglar öndürildi. Emma soňky ýyllarda daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmak, zyňyndylary gaýtadan peýdalanmak maksady bilen dürli serişdeleri ýangyç hökmünde peýdalanmaga degişli tehnologiýa işlenip taýýarlanýar. Angliýada “Airbus” uçary ösümlik ýagy bilen işledildi. “Airbus” hem-de “Rolls-Royce” kompaniýasynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygy netijesinde “Airbus A330” howa gämisinde ýangyç hökmünde diňe ösümlik ýagy ulanyldy. Şeýlelikde, uçar howa hiç hili zyýan ýetirmeýän ýangyç bilen uçan ilkinji howa gämisi boldy. Uçaryň 90 minut howada galandygy mälim edildi.

Zyňyndy ýagdan alnan ýangyjyň häzirki wagtda ulanylýan awiaýangyja görä, howanyň 80 göterim az zaýalaýandygy mälim edildi.

Angliýada 2050-nji ýyla çenli gatnaw, senagat, önümçilik ýaly halk hojalygynyň ähli ugurlarynda howa goýberilýän zyýanly gazlary dolulygyna aradan aýyrmagy meýilleşdirýär.

Şatlyk Gurbanýazow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetiniň diňleýjisi