Merkezi Aziýa seýrek metallar ugrundaky global bäsdeşlikde möhüm bäsdeşe öwrülýär. Bu barada şenbe güni bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäginde Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Muzaffar Madrahimow aýtdy.
Ministriň orunbasary sebitdäki esasy ugurlaryň biriniň innowasiýalar we tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekdigini, şol sanda örän möhüm minerallary gaýtadan işlemegiň muňa degişlidigini belledi.
M. Madrahimow Merkezi Aziýa döwletleriniň jemi içerki önüminiň (JIÖ) soňky on ýylda 250 milliard dollardan 500 milliard ABŞ dollaryndan gowrak möçbere çenli ösendigini habar berdi.
Diplomat öz çykyşynda sebitde emele gelen gatnaşyklaryň “Merkezi Aziýa plýus” formatynyň ähmiýetini ýokarlandyrmaga we onuň umumydünýä dialog hem-de diplomatiýa binýadyndaky ornuny berkitmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy. Ol Özbegistanyň dürli hyzmatdaşlar, şol sanda Hytaý, Russiýa, Ýewropa Bileleşigi we ABŞ bilen giň we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny nygtady.
Bäşinji Antalýa diplomatik forumy 17-nji aprelde açyldy.
Esasy Dünýä täzelikleri Özbegistanyň DIM-i: Merkezi Aziýa seýrek metallar ugrundaky global bäsdeşlikde möhüm bäsdeşe öwrülýär
PDF









