18-njy aprelde Rim papasy Lew XIV Afrika yklymyna amala aşyrýan dostlukly saparynyň çäginde Angola Respublikasyna geldi. Saparyň dowamynda belent mertebeli myhman Angolanyň Prezidenti Žuan Lourensu bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we halkara parahatçylygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşykda taraplar dünýäde durnuklylygy üpjün etmekde ruhy gymmatlyklaryň ähmiýetini nygtadylar.
Papa Lew XIV Luanda şäheriniň golaýyndaky mukaddes ýerleriň birine baryp görüp, bu ýerde guralan dabaraly çärede halky agzybirlige, dostluga we umumy abadançylyga çagyrdy. Ol öz çykyşynda ýurtlaryň ösüşine we halklaryň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen asylly maksatlaryň ähmiýeti barada durup geçdi. Şeýle-de, ol dünýäniň dürli künjeklerinde parahatçylykly dialogyň dabaralanmalydygyny belledi.
Prezident Žuan Lourensu öz gezeginde, belent mertebeli myhmana dünýäde parahatçylygy we özara düşünişmegi berkitmekde bitirýän uly hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Saparyň dowamynda bellenilip geçilişi ýaly, halklaryň ruhy medeniýetini gorap saklamak we jemgyýetçilik agzybirligini berkitmek häzirki zamanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Rim papasynyň 13-nji aprelde başlan 11 günlük Afrika sapary 24-nji aprele çenli dowam eder.
PDF









