7-nji iýunda Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýurduň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky «Raýat şertnamasy» partiýasy sesleriň 49,81 göterimini alyp, uly tapawut bilen ýeňiş gazandy. Ermenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň habar bermegine görä, işewür Samwel Karapetýanyň «Güýçli Ermenistan» blogy 23,29 göterim, öňki Prezident Robert Koçarýanyň «Ermenistan» blogy 9,94 göterim hem-de «Gülleýän Ermenistan» partiýasy 4 göterim ses alyp, bellenen sepgidi geçmegi başardylar. Ýurtda hereket edýän “D’Ondt” ulgamyna görä, parlamentden daşynda galan syýasy güýçleriň sesleri ýeňiş gazanan partiýalaryň arasynda paýlanyp, iň köp ses alan partiýa goşmaça orunlaryň berilmegini üpjün edýär.
Ýurt boýunça açylan 2005 sany saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň işjeňligi ýokary boldy. Ýurtda jemi 1 million 476 müň 597 raýat ses bermäge gatnaşyp, gatnaşyk 58,97 göterime deň boldy. Ermenistanyň kanunçylygyna görä, parlamente girmek üçin partiýalara 4 göterim, syýasy bileleşiklere bolsa 8-10 göterim çägi geçmek şerti goýulýar. Bu gezekki syýasy çärä jemi 16 partiýa we iki partiýa bileleşigi gatnaşdy.
Premýer-ministr Nikol Paşinýan saýlawlaryň netijelerini ýurduň geljekki ösüşini we durnuklylygyny üpjün etjek taryhy ýeňiş hökmünde häsiýetlendirdi. Hökümet Baştutany daşary syýasatda köp ugurly, deňagramly we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ykjam ygrarlydygyny mälim etdi. Şunda Günbatar ýurtlary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasy bilen hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň çäklerindäki söwda-ykdysady hem-de energetika ulgamyndaky gatnaşyklary dowam etdirmegiň göz öňünde tutulýandygy nygtaldy.
Hökümet Baştutany öz çykyşynda sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegiň we taryhy parahatçylyk ylalaşyklarynyň esasynda geljek nesiller üçin durnukly geljegi gurmagyň esasy ugurdygyny aýtdy. Saýlaw möwsüminiň asuda ýagdaýda geçmegi bilen, Ermenistanyň raýatlary bu syýasy çäräniň ýurtda parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we syýasy durnuklylygyň berkemegine ýardam etjekdigine uly ynam bildirýärler.
PDF









