Milletiň geljegi eneleriň elindedir.
Onore de Balzak.
Eneler göwnümiziň açarlaryny ömrüniň dowamynda göterýärler.
Kassandra Kler.
Heniz ejeňiz bar bolsa, onda siziň çagalygyňyz dowam edýär.
S.Jeýet.
Enäniň bize beren ilkinji sowgady durmuş, ikinjisi söýgi, üçünjisi düşünmekdir.
Donna Brauer.
Eje ynsanyň aýdýan iň owadan sözi.
Jebran Halil.
Ömür näçe ýyl ýaşandygyň bilen däl-de, hakyky durmuşyň näçe ýyl bolandygy bilen ölçenýär.
Awraam Linkoln.
Dürüň dänesini deňziň düýbünden tapjak bolsaň, uly görgi, öz bagtyňy tapmak welin, ondanam kyn.
Sahyp Jemal.
Men durmuşdan söýgi bilen geçmegi makul bildim. Çünki ýigrenç gaty agyr ýük.
Martin Lýuter King.
Bagtly bolasyň gelýärmi? Onda hiç kimden hiç zada garaşma…
Bob Marli.
Ynamyň gutaran ýerinde dostluk hem tamamlanýar.
Lusiý Anneý Seneka.
Ýuka ýüreklilik bilen kyn ýollary aşyp bolmaýar.
Hüseýin Nihal Atsyz.
Bütin ömrüni diňe ýaşamaga girişmek isleýänler erbet ýaşaýarlar.
Publiý Sir.
Ýoluň soňy ýaly görünýän zat diňe öwrüm bolup biler.
Robert Şuller.
Hudaý sizi bagtly etmek islese, agyr ýollardan ýöreder, sebäbi bagta barýan ýolda aňsat zat ýok.
Muhammet Fizuly.
Haýallyk bilen ösýänligiňden däl-de üýtgewsiz galmakdan gorkmaly.
Robert Pirsig.
Hemmeler ýalňyzlykda özüniň kimdigini tanaýar.
Artur Şopenga.
Sen öz çagalaryň nähilidigini bilmeýän bolsaň, onda onuň dostlaryna seret.
Sýun-szy.